“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär

“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär

Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Arsenal” soňky 3 oýunda 7 utuk ýitirdi (2 deňlik, 1 ýeňliş). Öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” bilen duşuşan “Arsenal” “Emirates” stadionynda şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Çekeleşikli geçen oýunda “Ýunaýtediň” gollaryny Mbemo, Dorgu hem-de Mateus Kunýa, ýer eýeleriniň gollaryny bolsa Martines (ö.d.) bilen Merino derwezä girizdi.

Mankunianlar Maýkl Kerrigiň tälimçiliginde yzly-yzyna 2 güýçli garşydaşyny ýeňmegi başardy.Goragda az ýalňyşlyk goýberýän “Arsenal” 122 oýundan soň ilkinji gezek bir duşuşykda 3 gol geçirtdi.

“Mançester Siti” öz meýdançasynda “Wulwerhemptondan” Marmuş hem-de Semenýonyň gollary esasynda üstün çykdy.

“Aston Willa” hem şol hasap bilen myhmançylykda “Nýukasly” ýeňmegiň hötdesinden geldi. Duşuşykda gollary Buendia bilen Watkins derwezeden geçirdi.

London derbisinde “Çelsiniň” myhmançylykda “Kristal Palasy” 3-1 hasabynda ýeňen tapgyrynda “Liwerpul” 90+5-nji minutda ýeňlişe sezewar boldy. “Bornmutdan” 3-2 hasabynda asgyn gelen soňky çempiona Wan Deýk bilen Soboslainiň gollary ýeňşe ýetmedi.

23-nji tapgyryň netijeleri:

West Ham Sanderland: 3-1 (Sammerwill 14, Bowen 28 p, Fernandeş 43 Brobbi 66),

Börnli Tottenham: 2-2 (Tuanzebe 45, Foster 76 Wan de Wen 38, Romero 90),

Mançester Siti Wuwerhempton: 2-0 (Marmuş 6, Semenýo 45+2),

Fulham Braýton: 2-1 (Çukwueze 72, Wilson 90+2 Aýýari 28),

Bornmut Liwerpul: 3-2 (Ewanilson 28, Himenes 33, Adli 90+5 Wan Deýk 45, Soboslai 80),

Brentford Nottingam Forest: 0-2 (Žesus 12, Awonýi 80),

Kristal Palas Çelsi: 1-3 (Riçards 88 Estewao 34, Žoao Pedro 50, Fernandes 64 p),

Nýukasl Aston Willa: 0-2 (Buendia 19, Watkins 88),

Arsenal Mançester Ýunaýted: 2-3 (Martines 29 ö.d., Merino 84 Mbemo 37, Dorgu 51, Mateus Kunýa 87)

Ewerton – Lids (şu gije)

Ýene degişli makalalar

Çarwadarlaryň Oskary
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi
Londonda golsuz gije
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
TNGIZT-de täze enjamyň işe girizilmegi bilen nebit koksunyň, benziniň, suwuklandyrylan gazyň we ýol bitumynyň çykarylyşy artdyrylar