Londonda golsuz gije

Londonda golsuz gije

Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda hasap açylmady. Ýagny 21-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda sanawyň lideri “Arsenal” bilen soňky çempion “Liwerpulyň” arasyndaky oýun golsuz tamamlandy. Duşuşykda “Liwerpulyň” ýeke urgusy hem takyk bolman, şeýle görkeziji soňky ýyllarda ilkinji gezek hasaba alynýar. Şunlukda, “Arsenal” “Mançester Siti” bilen arasyndaky 6 utuklyk aratapawudy saklamagy başardy.

Tapgyryň çäginde “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Braýtony” ýeňmek başartmady. Şäherliler bassyr 3 duşuşygyny deňlikde tamamlady. Edil şonuň ýaly şäheriň beýleki topary “Mançester Ýunaýted” hem “Börnli” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Mankunianlaryň hem edil şäherlileriňki ýaly yzly-yzyna 3-nji duşuşygy-da deňlikde tamamlandy.

7 goluň geçirilen oýnunda “Nýukasl” topary öz meýdançasynda “Lids Ýunaýtedi” 90-njy minutdan soň 2 gol geçirip, 4-3 hasabynda ýeňiş gazandy. “Nýukasl” toparyna ýeňiş goluny duşuşykda 2-nji gezek tapawutlanan Barns 90+12-nji minutda derwezä girizdi.

“Çelsi” London derbisinde “Fulhamdan” 2-1 hasabynda ýeňildi.

21-nji tapgyryň netijeleri:

West Ham Nottingam Forest: 1-2 (Murilio 13 ö.d. Dominges 55, Gibbs-Waýt 89 p),

Bornmut Tottenham: 3-2 (Ewanilson 22, Krupi 36, Semenýo 90+5 Tel 5, Palinýa 78),

Brentford Sanderland: 3-0 (Tiago 30, 65, Ýarmolýuk 73),

Kristal Palas Aston Willa: 0-0,

Mançester Siti Braýton: 1-1 (Holann 41 p Mitoma 60),

Fulham Çelsi: 2-1 (Himenes 55, Wilson 81 Delap 72),

Ewerton Wulwerhempton: 1-1 (Kin 17 Mane 70),

Börnli Mançester Ýunaýted: 2-2 (Hewen 13 ö.d., Entoni 66 Şeşko 50, 60),

Nýukasl Lids Ýunaýted: 4-3 (Barns 36, 90+12, Žoelinton 54, Gimaraýns 90+1 p Eronson 32, 79, Kalwert-Lýuwin 45+5 p),

Arsenal Liwerpul: 0-0

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi
London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady
“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi
Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi