London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady

Angliýanyň çempionatynda soňky çempion “Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy. Myhmançylykda “West Hamy” Isakyň 60-njy hem-de Gakponyň 90+3-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňen “Liwerpul” 2 oýundan soň ýeňşini baýram etdi. Bu olaryň soňky 8 duşuşykdaky 2-nji ýeňşi boldy.

Tapgyryň merkezi oýnunda, London derbisinde “Çelsi” bilen “Arsenal” duşuşyp, duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. 38-nji minutda ýarymgoragçysy Kaisedo gyzyl alan “Çelsi” 48-nji minutda Çalobanyň goly bilen öňe saýlandy. “Arsenal” bu gola 59-njy minutda Mikel Merinonyň goly bilen jogap berdi.

“Mançester Siti” öz meýdançasynda “Lids Ýunaýtedi” 3-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 90-njy minutdan soň ýeňiş gazanan ýer eýeleriniň gollaryny Foden (1, 90+1) bilen Gwardiol (25), myhmanlaryň gollaryny bolsa Kalwert-Lýuwin (49) hem-de Nmeça (68) geçirdi.

Myhmançylykda “Kristal Palas” bilen duşuşan “Mançester Ýunaýted” garşydaşynyň 1-nji ýarymda Žan-Filip Matetanyň penaltiden geçiren goly esasynda öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. “Mançester Ýunaýted” toparyna ýeňiş getiren gollary 54-nji minutda Zirkzee bilen 63-nji minutda Maunt geçirdi.

“Nýukasl” myhmançylykda “Ewertondan” 4-1 hasabynda üstün çykyp, oýunda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Tiaw (2), Maýli hem-de Woltemade geçirdi. Öz meýdançasynda ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýän “Tottenham” topary London derbisinde “Fulhamdan” 2-1 hasabynda asgyn geldi.

Myhmanlaryň gollaryny 4-nji minutda Tete bilen 6-njy minutda Wilson geçirdi. Ýer eýelerinden Kudusyň 59-njy minutdaky goly ýeňşe ýetmedi. 4-nji orunda barýan “Aston Willa” öz meýdançasynda henizem ýeňiş gazanyp bilmän gelýän “Wulwerhemptony” Kamaranyň 67-nji minutdaky goly esasynda 1-0 utdy.

“Premier Ligada” 14-nji tapgyryň duşuşyklary 2-3-4-nji dekabrda oýnalar.

13-nji tapgyryň netijeleri:

Brentford Börnli: 3-1

Mançester Siti Lids: 3-2

Sanderland Bornmut: 3-2

Ewerton Nýukasl: 1-4

Tottenham Fulham: 1-2

Kristal Palas Mançester Ýunaýted: 1-2

Aston Willa Wulwerhempton: 1-0

West Ham Liwerpul: 0-2

Nottingam Forest Braýton: 0-2

Çelsi Arsenal: 1-1

Ýene degişli makalalar

“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi
111 ýyllyk rekord gaýtalandy
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi
Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi
Londonda golsuz gije