111 ýyllyk rekord gaýtalandy

111 ýyllyk rekord gaýtalandy

Angliýanyň çempionatynda öňdäki 3 toparyň arasynda liderlik göreşi ýokary depginde dowam edýär.

Sanawyň lideri “Arsenal” myhmançylykda “Ewertondan” Gýokereşiň 27-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan saly goly esasynda 1-0 hasabynda üstün çykdy.

“Mançester Siti” öz meýdançasynda “West Hamyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizip, oýunda Erling Holann (2) bilen Tijani Reýnders tapawutlandy.

Tapgyryň merkezi oýnunda 3-nji ýerdäki “Aston Willa” topary “Mançester Ýunaýtedi” Morgan Rojersiň 45-nji we 58-nji minutlarda geçiren owadan gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Myhmanlardan Mateus Kunýanyň goly ýeňşe ýetmedi. Şunlukda, “Aston Willa” topary bassyr 10 oýunda ýeňiş gazanyp, klubuň taryhynda şeýle statistika 1914-nji ýyldan bäri, ýagny 111 ýyldan soň ikinji gezek hasaba alyndy.

Unaý Emeriniň tälim berýän kluby çempionatda-da 1990-njy ýyldan soň ilkinji gezek yzly-yzyna 7 oýunda ýeňiş gazanmagy başardy.

“Liwerpul” özüni dürseýär

Kem-kemden özüni dürseýän “Liwerpul” topary myhmançylykda “Tottenhamy” täze transferleri Isak hem-de Ekitikeniň gollary bilen 2-1 hasabynda utdy. “Tottenhamdan” 3-nji minutda Simons, 90+3-nji minutda-da Romeronyň gyzyl kart alan duşuşygynda ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny Rişarlison öz adyna ýazdyrdy. Çempionatda bassyr 2-nji ýeňşini gazanan “Liwerpulda” Isak agyr şikes alyp, şwesiýaly hüjümçiniň birnäçe aý klubuna kömegi degmez.

“Nýukasl” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Woltemadeniň 1-nji ýarymda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlanan ýer eýelerine bu üstünligini saklamak başartmady. “Çelsini” ýeňlişden halas eden gollary Riis Jeýms bilen Žoao Pedro geçirdi.

Nýukasl Çelsi: 2-2 (Woltemade 4, 20 Jeýms 49, Žoao Pedro 66),

Bornmut Börnli: 1-1 (Semenýo 67 Broýa 90),

Braýton Sanderland: 0-0,

Wulwerhempton Brentford: 0-2 (Lýuwis-Potter 63, 83),

Mançester Siti West Ham: 3-0 (Holann 5, 69, Reýnders 38),

Tottenham Liwerpul: 1-2 (Rişarlison 83 Isak 56, Ekitike 66),

Lids Kristal Palas: 4-1 (Kalwert-Lýuwin 38, 45+4, Ampadu 60, Stah 90+11 Dewenni 90+2 p),

Ewerton Arsenal: 0-1 (Gýokereş 27 p),

Aston Willa Mançester Ýunaýted: 2-1 (Rojers 45, 58 Mateus Kunýa 45+3),

Fulham Nottingam Forest (şu gije)

Ýene degişli makalalar

“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi
London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady
Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy