Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi

Çempionatdan soň tälimçiligi taşlamakçy bolýan Niderlandlaryň baş tälimçisi Lui wan Gaal milli toparyň düzümini mälim etdi.Ussat tälimçi Katarda çykyş etmek üçin 26 oýunçyny çagyryp, olaryň arasynda 38 ýaşynda milli ýygyndyda oýnap başlan derwezeçi Remko Paswer hem bar. Şeýle-de, Wan Deýk, De Ligt, Ake, Blind, Dumfris, De Wreý, “Aýaksyň” oýunçylary Bergweýn, Bergeýs, Klassen, galyberse-de, Gakpo, De Ýong, Depaý, Luuk de Ýong, Wegorst ýaly oýunçylar Katarda çykyş ederler.

Raýan Grawenberh, Swen Botman, Braýan Brobbi, Arno Danžima, Doniell Malen ýaly oýunçylar düzümiň daşynda galdy.Weýnaldum bolsa şikesi sebäpli çempionaty goýberer.

DERWEZEÇILER:

Ýustin Beýlo (Feýenoord), Andris Noppert (Herenwen), Remko Paswer (Aýaks).

GORAGÇTLAR:

Natan Ake (Mançester Siti), Jeremi Frimpong (Baýer), Deýli Blind (Aýaks), Ýurriýen Timber (Aýaks), Wirjil wan Deýk (Liwerpul), Denzel Dumfris (Inter), Stefan de Wreý (Inter), Matteýs de Ligt (Bawariýa), Tirell Malasia (Mançester Ýunaýted).

ÝARYMGORAGÇYLAR:

Stewen Bergeýs (Aýaks), Stewen Bergweýn (Aýaks), Dewi Klassen (Aýaks), Kennet Taýlor (Aýaks), Kodi Gakpo (PSW), Hawi Simons (PSW), Frenki de Ýong (Barselona), Ten Kopmeýners (Atalanta), Marten de Ron (Atalanta), Noa Lang (Klub Brýugge).

HÜJÜMÇILER:

Memfis Depaý (Barselona), Winsent Ýanssen (Antwerpen), Luuk de Ýong (PSW), Waut Wegorst (Beşiktaş).

Ýene degişli makalalar

Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
FIFA-da ýylyň iň gowulary
Senegal 20 ýyldan soň 1/8 finalda
Bawariýa de Ýong gerekmi? Žurnalistleriň pikiri gapma-garşy