“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri

Fransuzlaryň dünýä belli neşiri “France Football” tarapyndan gowşurylýan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň bu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. “Altyn top” baýragy ugrunda 30 futbolçy dalaşgär görkezildi.

Olaryň 7-si Çempionlar ligasynyň soňky çempiony “Liwerpul” toparyna degişlidir. “Mançester Sitiniň” 5, “Barselonanyň” 4, geçen möwsüm 8 oýunçysy dalaşgär görkezilen “Real Madridiň” 2, şol sanda “Aýaksdyr” “Tottenhamyň”, “Ýuwentusyň”, PSŽ-niň 2, “Arsenalyň”, “Bawariýanyň”, “Atletikonyň” we “Napoliniň” 1 oýunçysy dalaşgärlige hödürlendi.

Baýragyň esasy dalaşgärleri hökmünde görkezilýän Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo nobatdaky gezek hem sanawa alyndy.

Geçen ýylky eýesi sanawa alynmadyBaýragyň geçen ýylky eýesi, “Real Madridiň” horwatiýaly ýarymgoragçysy Luka Modriç bu gezek sanawa hem alynmady.Ilkinji gezek baýragyň eýesi nobatdaky ýylda dalaşgär görkezilmedi.

Modriçden başga-da “Barselonanyň” urugwaýly hüjümçisi Luis Suares, möwsümiň agramly bölegini şikesli geçiren braziliýaly Neýmar hem sanawyň daşynda galdy. 30 kişilik sanawda ispan futbolçylarynyň hiç biriniň ýokdugy bellärliklidir. 1993-nji ýyldan soň, ilkinji gezek ispan futbolçylaryna dalaşgär bolmak başartmady.Şeýle-de şu ýyl zenanlaryň arasynda 2-nji gezek gowşuryljak “Altyn top” (Ballon d’Or Feminin) baýragynyň hem dalaşgärleri mälim edildi. 20 futbolçydan ybarat sanawa — Megan Rapinou, Marta, geçen ýylky eýesi Ada Hegerberg, Wendi Renar, Sem Kerr, Ellen Waýt, Aleks Morgan, Dženifer Marožan, Amandin Anri, Nilla Fişer ýaly futbolçylar goşuldy. Ýylyň derwezeçisine berilýän Ýaşin baýragy ugrunda hem Allison Beker, Kepa Arrizabalga, Ederson, Samir Handanowiç, Hugo Lloris, Manuel Noýer, Ýan Oblak, Andre Onana, Woýçeh Şensnyý, Mark-Andre Ter Ştegen dagy dalaşgär görkezildi.1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän “Altyn top” baýragynyň bu ýylky eýesi 2-nji dekabrda Parižde geçiriljek dabarada mälim ediler.

Baýragyň esasy dalaşgärleri hökmünde Messi, Ronaldo hem-de Wan Deýk öňe saýlanýar.“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri:Wirgil Wan Deýk (“Liwerpul”), Bernardo Silwa (“M.Siti”), Hyn-min Son (“Tottenham”), Robert Lewandowski (“Bawariýa”), Robert Firmino (“Liwerpul”), Mattiýs de Ligt (“Ýuwentus”), Allison (“Liwerpul”), Karim Benzema (“Real Madrid”), Jeorjinio Wiýnaldum (“Liwerpul”), Serjio Aguero (“M.

Siti”), Frenki de Ýong (“Barselona”), Hugo Lloris (“Tottenham”), Dusan Tadiç (“Aýaks”), Kristiano Ronaldo (“Ýuwentus”), Kilian Mbappe (PSŽ), Trent Aleksander-Arnold (“Liwerpul”), Donni wan de Beek (“Aýaks”), Pier-Emerik Obameýang (“Arsenal”), Mark-Andre ter Ştegen (“Barselona”), Sadio Mane (“Liwerpul”), Lionel Messi (“Barselona”), Riýad Mahrez (“M.

Siti”), Kewin de Bruýne (“M.Siti”), Kalidu Kolibali (“Napoli”), Antuan Grizmann (“Barselona”), Edin Hazar (“Real Madrid”), Mohammed Salah (“Liwerpul”), Markinios (PSŽ), Rahim Sterling (“M.Siti”), Žoao Feliks (“Atletiko”).

Ýene degişli makalalar

FIFA-da ýylyň iň gowulary
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
Lew Ýaşin adyndaky baýraga Donnarumma, Noýer we Kurtua dalaşgär görkezildi
ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi