http://zamanturkmenistan.com/?p=26471

Ýylyň iň ökde

futbolçysyna berilýän “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragyna Barselonanyň

argentinaly super ýyldyzy Lionel Messi laýyk görüldi. Şunlukda, “France

Football” žurnaly tarapyndan gowşurylýan “Ballon d’Or” baýragyny Lionel Messi

6-njy gezek eýeläp, ol bu ugurda rekordy öz adyna geçirdi. 32 ýaşly futbolçy

mundan ozal, 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji hem-de 2015-nji ýyllarda

“Altyn top” baýragyna mynasyp bolupdy. Geçen möwsümiň iň

köp gol geçiren oýunçysy Lionel Messi 2019-njy ýylda häzirki wagtda çenli 46

gezek tapawutlandy. Ol “Altyn top” baýragy ugrunda Wirgil Wan Deýk, Kristiano

Ronaldo, Sadio Mane hem-de Muhammed Salah ýaly ýyldyzlary yzda galdyrdy. Messi

sentýabr aýynda FIFA tarapyndan hem ýylyň iň ökde oýunçysy saýlanypdy.

Parižde geçirilen

dabarada ýylyň iň ökde zenan futbolçysyna berilýän “Ballon d’Or Feminin”

baýragyna amerikaly Megan Rapinou laýyk görüldi. Ýaş futbolçylaryň arasyndan

gollandiýaly Mattiýs de Light “Kopa Trophy” hem-de derwezeçilerden braziliýaly

Allison Beker “Yashin Trophy” baýraklaryna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Lionel Messiniň “Altynjy topy”
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA Altyn top bilen hyzmatdaşlyk eder we 2 täze baýrak goşular
Modriç “Altyn topa”-da mynasyp boldy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
“Altyn topuň” eýesi…