UEFA Altyn top bilen hyzmatdaşlyk eder we 2 täze baýrak goşular

Ýewropa futbolynyň guramaçysy UEFA bilen Altyn top ýagny, Ballon d’Or baýragynyň guramaçysy France Football hem-de L’Eqiupe gazeti bilelikde işleşerler. Başgaça aýdylanda, futbolyň iki uly hemaýatkäri öz tejribelerini birleşdirerler baýragy bilelikde gowşurarlar. Bu barada žurnala hem-de gazete eýeçilik edýän Groupe Amaury kompaniýasy hem-de UEFA habar berýär.

Taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2024-nji ýyldan başlar.Hyzmatdaşlygyň çäginde ýene-de 2 baýrak goşular.Mundan soň ýylyň iň ökde erkek hem-de zenan tälimçi baýraklary hem öz mynasyplaryna gowşurylar.

Häzirki wagtda Ballon d’Or baýraklarynyň çäginde iň ökde erkek (Ballon d’Or), zenan futbolçy (Ballon d’Or Féminin), iň ökde ýaş futbolçy (Kopa Trophy), iň ökde derwezeçi (Yashin Trophy), iň ökde hüjümçi (Gerd Müller Trophy), ýylyň ynsanperwer kömek edeni (Sócrates Award), hem-de ýylyň iň gowy erkek we zenan klublary baýraklary gowşurylýardy.

1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän Ballon d’Or baýraklary irki ýyllarda diňe ýewropaly futbolçylara berilýärdi.

2011-nji ýyldan bäri berlip gelinýän UEFA-da ýylyň iň ökde futbolçylary baýraklarynyň ykbaly bolsa häzirlikçe belli bolman, bu baýraklaryň ýatyrylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Lionel Messiniň “Altynjy topy”
http://zamanturkmenistan.com/?p=26471
“Altyn topuň” eýesi…
Modriç “Altyn topa”-da mynasyp boldy
Tennis täzelikleri