Modriç “Altyn topa”-da mynasyp boldy

Futbol muşdaklarynyň iň köp gyzyklanýan sowaly — “Altyn topuň” eýesiniň kim boljakdygy Parižde geçirilen dabarada äşgär edildi. “France Football” žurnaly tarapyndan 1956-njy ýyldan bäri beriIýän bu arzyly baýraga “Real Madridiň” ýyldyzy, Dünýä Kubogynyň kümüş medalynyň eýesi Luka Modriç laýyk görüldi.

Dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanan 33 ýaşly Modriç FIFA-dyr UEFA tarapyndanam ýylyň futbolçysy baýraklaryna mynasyp bolupdy. “Altyn topy” (“Ballon d’Or”) hem gazanan Modriç 2018-nji ýyly 4 uly şahsy baýrak bilen tamamlady. 753 utuk alan Modriç bu ugurda baýragyň soňky 2 ýylynyň ýeňijisi Kristiano Ronaldony (478 utuk), fransiýaly oýunçylar Antuan Grizmann (414) we Kilian Mbappeni (347) hem-de Lionel Messini (280) yzda galdyrmagy başardy.

Luka Modriç bu baýragy alan ilkinji horwat futbolçysydyr. “Altyn topy” alan 7-nji “Real madridli” futbolçy bolup, bu klubuň oýunçylary jemi 11 gezek sylagy eýeledi. Şeýlelikde, soňky 10 ýylda ilkinji sapar “Altyn topy” Messi we Ronaldodan başga bir futbolçy aldy.

Mälim bolşy ýaly, iki super ýyldyz soňky 10 ýylda hersi 5 gezek “Altyn topy” eýeläpdi.Galyberse-de, Lionel Messi 12 ýyldan soň, ilkinji üçlüge düşüp bilmedi.Şu ýyl ilkinji gezek berlen “Ballon d’Or Feminin” baýragy meşhur zenan futbolçy, “Lion” toparynyň norwegiýaly oýunçysy Ada Hegerberge gowşuryldy.

Ol “Wolfsburgyň” daniýaly futbolçysy Pernil Harderden öňe saýlandy. Ýaş futbolçylaryň arasyndan hem PSŽ-niň ýyldyzy, fransiýaly Kilian Mbappe “Kopa Trophy” baýragy bilen sylaglandy.Bu baýrak hem ilkinji gezek gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
“Altyn topuň” eýesi…
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow floty giňeltmegi tabşyrdy, Raşid Meredow Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak meselesini öwrenmegi teklip etdi we beýleki habarlar
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Messi ― 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär