“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi

Dünýä belli “France Football” žurnaly tarapyndan berilýän iň abraýly baýrak hasaplanýan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň bu ýylky eýesi Parižde geçirilen dabarada mälim edildi. Fransiýanyň paýtagtyndaky “Theatre du Chatelet” teatrynda geçirilen dabara futbolyň öňki-soňky meşhur ýyldyzlary, tälimçileri we beýleki adamlar gatnaşdylar.

1,5 sagada golaý dowam eden dabarada “Altyn top baýragynyň eýesi Lionel Messi boldy.Argentinaly futbolçy baýragy kluby “Inter Maýaminiň” eýesi Dewid Bekhamyň elinden aldy.Bu onuň 8-nji “Altyn top” baýragy bolup, ol özüne iň golaý Kristiano Ronaldodan 3 baýrak öňde barýar. 36 ýaşyndaky Messi 2022/23 möwsüminde Argentinanyň ýygyndysy bilen Dünýä Kubogyny, şol sanda PSŽ bilenem Fransiýanyň çempionlygyny hem-de Super Kubogyny gazanypdy.

Ses berlişikde Erling Holann 2-nji, Kilian Mbappe 3-nji, Kewin De Bruýne 4-nji, Rodri 5-nji, Winisius Junior 6-njy, Ýulian Alwares 7-nji, Wiktor Osimhen 8-nji, Bernardo Silwa 9-njy, Luka Modriç 10-njy ýeri eýeledi.

Lionel Messi bu baýragy mundan öň 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji, 2015-nji, 2019-njy hem-de 2021-nji ýyllarda-da alypdy.

Ýylyň iň ökde zenan futbolçysy, ýagny “Ballon d’Or Feminin” baýragynyň ýeňijisi diýlip “Barselonanyň” ýaş oýunçysy Aitana Bonmati mälim edildi.Baýragyny ýyldyz tennisçi Nowak Jokowiçiň elinden alan 25 ýaşyndaky Bonmati geçen möwsümde Ispaniýanyň Dünýä Kubogyny gazanmagynda hem-de “Barselonanyň” Ispaniýanyň hem-de UEFA Çempionlar Ligasynyň çempionlygyny gazanmagynda uly rol oýnapdy.

Bonmati bu ugurda awstraliýaly Sem Kerr, ispaniýaly Salma Paralýuelo, şwesiýaly Fridolina Rolföni hem-de angliýaly Meri Irpsi yzda galdyrdy.

Ýylyň iň ökde ýaş futbolçysyna berilýän “Kopa Trophy” baýragyna geçen möwsümi “Borussiýa Dortmundda” geçiren “Real Madridiň” angliýaly ýyldyzy Jud Bellingam laýyk görüldi. Ol Musiala, Pedri, Kamawinga, Gawi ýaly futbolçylardan köp ses aldy.

Ýylyň iň ökde derwezeçisine gowşurylýan “Yashin Trophy” baýragy “Aston Willanyň” argentinaly derwezeçisi Emiliano Martinese berildi. Braziliýaly Ederson hem-de marokkoly Ýassin Bunudan öňe saýlanan Martinese baýragyny kakasy gowşurdy.

Ýylyň iň köp gol geçiren futbolçysyna berilýän “Gerd Müller Trophy” baýragyny geçen möwsümde umumylykda 56 gezek tapawutlanan Erling Holann gazandy.

Sosial-jemgyýetçilik, haýyr-sahawat işlerinde öňe saýlanan futbolçylara berilýän “Socrates Award” baýragy “Real Madridiň” braziliýaly hüjümçisi Winisus Juniora gowşuryldy.

Şeýle-de, ýylyň iň ökde klublary hökmünde UEFA-nyň Çempionlar Ligasy ýaryşlarynda ýeňiş gazanan 2 kluby erkekleriň arasynda “Mançester Siti”, zenanlaryň arasynda-da “Barselona” klublary saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
Neýmar, Žesus, Winisius Braziliýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim edildi
Modriç “Altyn topa”-da mynasyp boldy
Tennis täzelikleri
UEFA Altyn top bilen hyzmatdaşlyk eder we 2 täze baýrak goşular