“Altyn topuň” eýesi…

Futbol dünýäsiniň ýekelikdäki iň abraýly sylagy hasaplanýan “Ballon d’Or”, ýagny “Altyn top” baýragynyň şu ýylky eýesi şu gün agşam belli bolar.Aşgabat wagty bilen ýarygije 00:30-da başlanjak dabara Parižde geçiriler.

Dalaşgärlige hödürlenen 30 futbolçynyň arasynda portugaliýaly Kristiano Ronaldo (“Ýuwentus”), gollandiýaly Wirgil Wan Deýk (“Liwerpul”) hem-de Lionel Messi (“Barselona”) üçüsinden haýsy hem bolsa biriniň baýragy almagyna garaşylýar.Metbugatda çykan habarlara görä, Messiniň baýraga has golaýdygy bellenilýär.

Geçen ýyl bu hormatly sylagy Luka Modriç alyp, ol Messi we Ronaldonyň 10 ýyllyk üstünligini soňlandyrypdy.Dünýäniň ençeme ýurdunda teleýaýlym arkaly görkeziljek dabarada zenanlaryň arasynda-da “Altyn top” (“Ballon d’Or Feminin”) baýragynyň eýesi bilen bir hatarda, iň ökde ýaş futbolça berilýän “Kopa Trophy” hem-de ýylyň tapawutlanan derwezeçisine berilýän Ýaşin adyndaky (“Yashin trophy”) baýraklarynyň eýeleri-de mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Lionel Messiniň “Altynjy topy”
http://zamanturkmenistan.com/?p=26471
UEFA Altyn top bilen hyzmatdaşlyk eder we 2 täze baýrak goşular
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Modriç “Altyn topa”-da mynasyp boldy
Messiniň 6-njy “Altyn butsysy”