Messiniň 6-njy “Altyn butsysy”

“Barselonanyň” argentinaly super ýyldyzy Lionel Messi bassyr 3-nji, umumylykda 6-njy gezek “Altyn butsy” baýragy bilen sylaglandy.Geçen möwsümde Ýewropada milli çempionatlarda köp gol geçireni üçin bu hormata laýyk görlen Messä baýrak Barselona şäherinde dabara bilen gowşuryldy. 2018/2019 möwsüminde 36 gol geçiren Messi mundan ozal, 2009/2010 (34 gol), 2011/2012 (50 gol), 2012/2013 (46 gol), 2016/2017 (37 gol), 2017/2018 (34 gol) möwsümlerinde yklymyň iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde “Altyn butsynyň” eýesi bolupdy.

Geçen möwsümde ähli oýunlary hasaba alanyňda, 50 duşuşykda 51 gol geçirip, 22 gola hem ýardam beren Messi “Altyn butsy” gazanmakda esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldodan 2 baýrak öňde barýar. Ýeri gelende aýtsak, Lionel Messi golaýda FIFA tarapyndan hem ýylyň futbolçysy saýlanypdy.

Ol Kristiano Ronaldo we Wirgil Wan Deýk ýaly ýyldyzlar bilen bir hatarda, dekabr aýynda mälim ediljek “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň hem esasy dalaşgäri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

“Altyn topuň” eýesi…
Lionel Messiniň “Altynjy topy”
http://zamanturkmenistan.com/?p=26471
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Messiniň 50-nji het-trigi
ÝEKE ÖZI BIR TOPARA DEGÝÄR