Sport habarlary gysga setirlerde

“Premier ligada” ýylyň futbolçysy Wan DeýkAngliýada Professional futbolçylar bileleşigi (PFA) “Premier ligada” ýylyň futbolçysy diýip, “Liwerpulyň” gollandiýaly goragçysy Wirgil Wan Deýki saýlady. 27 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy bu ugurda Rahim Sterling, Bernardo Silwa, Serhio Aguero, Sadio Mane hem-de Edin Hazard dagydan tapawutlandy.

Ol Dennis Bergkamp, Ruud Wan Nistelrooý, Robin Wan Persiden soň, bu hormata laýyk görlen 4-nji golland futbolçysy boldy.PFA ýylyň ýaş futbolçysy diýibem “Mançester Sitiniň” 24 ýaşyndaky ýyldyzy Rahim Sterlingi saýlady. Şeýle-de Futbol žurnalistleri guramasy Rahim Sterlingi ýylyň futbolçysy diýip yglan etdi. 400 žurnalistiň ses bermeginde Sterling bu ugurda Wan Deýk hem-de Aguerony yzda galdyrdy.

Sterling 48 resmi oýunda 23 gol geçirdi.Professional futbolçylar bileleşigi ýylyň simwolik toparyny hem yglan etdi.Bu topara derwezeçi Ederson, goragçylar Aýmerik Laporte (“M.Siti”), Andrýuw Robertson, Wirgil Wan Deýk, Trent Aleksander-Arnold (“Liwerpul”), ýarymgoragçylar Pol Pogba (“M. Ýunaýted”), Bernardo Silwa, Fernandinio (“M.

Siti”), hüjümçiler hökmünde-de Sadio Mane (“Liwerpul”), Serhio Aguero, Rahim Sterling (“M.Siti”) ýaly şu möwsümde şowly oýun görkezen oýunçylar saýlandy.

“Renn” 48, “Aýaks” 9 ýyl garaşdy

Ispan sürüjileriniň üstünligi

Moto GP boýunça möwsümiň 4-nji “Gran Prisi” Ispaniýada geçirildi. Ýurduň Kadis şäherinde geçirilen ýaryşda “Repsol Honda” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy. 3-nji hatardan başlan soňky 3 ýylyň çempiony Markes 25 aýlawy 41 minut 08,685 sekuntda tamamlap, şu ýylky 2-nji, karýerasyndaky 46-njy ýeňşini baýram etdi.

Markesden 1,6 sekunt yza galan “Suzuki Ecstar” toparynyň ispan piloty Aleks Rins 2-nji ýeri eýeledi.Başga bir ispaniýaly sürüji, “Monster Energy Yamaha” toparynyň wekili Mawerik Winýales ýeňijiden 2,4 sekuntdan soň pellehanadan geçip, 3-nji orna mynasyp boldy.

Geçirilen 4 ýaryşdan soň, sürüjileriň sanawynda Mark Markes 70 utuk bilen öňde barýar. 23-nji orunlardaky Aleks Rins bilen Andrea Dowiziosonyň degişlilikde, 69 hem-de 67 utugy bar.Möwsümiň indiki ýaryşy 19-njy maýda Fransiýada geçiriler.

Iýun aýynda belli bolar

2026-njy ýylda geçiriljek gyşky Olimpiadanyň haýsy şäherde guraljakdygy öňümizdäki aýda belli bolar.Halkara Olimpiýa komitetiniň (IOC) Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde 2426-njy iýun aralygynda geçiriljek 134-nji umumy maslahatynda bu barada karar kabul ediler. 25-nji gyşky Olimpiadany guramak üçin Şwesiýanyň Stokgolm bilen Are şäherleri bilelikde hem-de Italiýanyň Milan bilen Kortina şäherleri bilelikde dalaşgär bolupdy.

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdakysy 2022-nji ýylda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçiriler.Pekin tomusky hem-de gyşky Olimpiadany geçiren ilkinji şäher adyny alar.

Bakuda London derbisi

Ýewropa ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýunlaryndan soň, Londonyň 2 topary “Çelsi” bilen “Arsenal” finalda duşuşmaga hukuk gazandy.Londondaky “Çelsi”“Aýntraht” duşuşygynda 1-nji oýundaky hasap gaýtalandy (11). 28-nji minutda ýer eýelerinden Ruben Loftus-Çigiň goluna 49-njy minutda Luka Ýowiç jogap berdi.

Oýnuň galan minutlarynda, hatda goşmaça ýarym sagatda-da hasap üýtgemedi.Penalti urgularynda 43 öňe saýlanan “Çelsi” 2013-nji ýyldan soň, 2-nji gezek finala çykdy.Londonyň beýleki wekili “Arsenal” myhmançylykda hem “Walensiýadan” üstün çykdy. 1-nji oýunda 31 ýeňiş gazanan topçular Ispaniýadaky duşuşykda-da 42 ýeňiş gazandy. Ýer eýeleriniň gollaryny 11-nji we 58-nji minutlarda Kewin Gameiro, myhmanlaryň gollaryny-da Pier-Emerik Obameýang (17, 69, 88) bilen Aleksandr Lakazett (50) derwezä girizdi. “Arsenal” 2006-njy ýyldan soň, bu ýaryşda 2-nji finalyny oýnar.

Final oýny 29-njy maýda çarşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakudaky Olimpiýa stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär
Möwsümdäki 9-njy ýeňşi
Markes ýene-de ikinji
Markes arany açýar
Birinji orna çykaran ýeňiş