Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär

Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär

Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) görä, ýylyň iň gowy oýunçysy diýen ada dalaşgärler belli boldy. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Baýraga Tiago Alkantara ("Bawariýa", "Liwerpul"), Kriştianu Ronaldu ("Ýuwentus), Kewin de Bruýn ("Mançester Siti"), Robert Lewandowski ("Bawariýa"), Sadio Mane ("Liwerpul"), Kilian Mbappe ("PSŽ"), Lionel Messi ("Barselona"), Neýmar ("PSŽ"), Serhio Ramos (Madridiň "Realy"), Mohammed Salah ("Liwerpul") we Wirjil wan Deýk ("Liwerpul") dalaş edýärler.

Möwsümiň iň gowy derwezebany adyna Alisson ("Liwerpul"), Tibua Kurtua (Madridiň "Realy"), Keýlor Nawas ("PSŽ"), Manuel Noýer ("Bawariýa"), Ýan Oblak ("Atletiko") we Mark-Andre Ter Ştegen ("Barselona") dalaşgär görkezildi. Ýylyň tälimçisi baýragyna Marselo Bielsa ("Lids"), Hans-Diter Flik ("Bawariýa"), Ýurgen Klopp ("Liwerpul"), Hulen Lopetegi ("Sewilýa") we Zinedin Zidan (Madridiň "Realy") dalaşgär görkezildi.

Aýallar hem şuňa meňzeş nominasiýalarda baýrak alarlar.Aýallaryň arasynda ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna Lýusi Bronz ("Lion", "Mançester Siti"), Delfin Kaskarino, Saki Kumagai, Jennifer Marožan, Wendi Renar (hemmesi - "Liondan"), Pernil Harder ("Wolfsburg", "Çelsi"), Szi So Ýun, Sem Kerr (ikisi hem - "Çelsiden"), Jennifer Ermoso ("Barselona") we Wiwian Miedema ("Arsenal") dalaş edýärler.

Aýallaryň arasynda ýylyň iň gowy derwezebany diýen ada Ann-Katrin Berger ("Çelsi"), Sara Buaddi ("Lion"), Kristian Endler ("PSŽ"), Hedwig Lindal ("Wolfsburg", "Atletiko"), Alissa Naer ("Çikago") we Elli Robak ("Mançester Siti"), ýylyň iň gowy tälimçisi adyna bolsa Luis Kortez ("Barselona"), Rita Guarino (J"Ýuwentus"), Emma Haýes ("Çelsi"), Stefan Lerç ("Wolfsburg"), Egge Riise ("Linner"), Žan-Lýuk Wassýor ("Lion") we Sarina Wigman (Gollandiýanyň milli ýygyndysy) dalaşgär görkezildi.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 17-nji dekabrda onlaýn ýagdaýda geçiriler.Ses berlişik 25-nji noýabrdan 9-njy dekabr aralygynda dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!
Hepdede 350 müň funt sterling hak alar
Liwerpul müsürli hüjümçi Salah bilen şertnamasyny uzaltdy
100-nji Super Kubogyň eýesi “Liwerpul”
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!