IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi

IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi

Futbolyň taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) soňky onýyllygyň iň gowy tälimçileriniň sanawyny hödürledi. Bu barada prostoprosport.ru habar berdi.

Şeýlelikde, sanawda birinji orny Madridiň “Atletikosynyň” baş tälimçisi Diego Simeone eýeledi. Onuň yzysüre sanawyň ýokarky üçlüginde, degişlilikde, Hosep Guardiola ("Mançester Siti") we Ýurgen Klopp (Liwerpul) ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji bäşlige portugaliýaly Žoze Mourinýo ("Tottenhem") we "Ýuwentusyň" öňki tälimçisi Massimiliano Allegri girdi.

IFFHS-niň saýlanmagyna görä, soňky onýyllygyň iň gowy tälimçileri: 1. Diego Simeone ("Atletiko") 2. Hosep Guardiola ("Mançester Siti") 3. Ýurgen Klopp ("Liwerpul") 4. Žoze Mourinýo ("Tottenham") 5. Massimiliano Allegri ("Ýuwentusyň" öňki tälimçisi) 6. Unai Emeri ("Willarreal") 7. Zinedin Zidan ("Real Madrid") 8. Karlo Ançelotti ("Ewerton") 9. Maurisio Poçettino ("PSŽ") 10. Marselo Galýardo ("Riwer Pleýt")

Şeýle hem okap bilersiňiz: IFFHS: Messi — onýyllygyň iň gowy pleýmeýkeri

Ýene degişli makalalar

Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Ýylyň iň gowulary
Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde
Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
“Bawariýa” Kowaçy wezipesinden boşatdy
Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez