“Serie A-da” tälimçi çalşyk döwri

Ýewropa futbolynda milli çempionatlar tamamlanydan soň, toparlar transfer möwsümine uly tizlik bilen girişdiler.Italiýanyň “A-Seriýasynda” möwsümi 4-nji hatarda tamamlan “Inter” Luçano Spalettini wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Antonio Konteni belledi. 5-nji ýeri eýeläp, Çempionlar ligasynyň daşynda galan “Milanyň” tälimçisi Jennaro Gattuso wezipesini taşlady.

Onuň ornuna geçjek tälimçi häzirlikçe belli bolman, Paolo Maldininiň, Marko Jampaolonyň hatda “Ýuwentusdan” gaýdan Massimiliano Allegriniň atlary agzalýar. “Lasio” bolsa häzirki tälimçisi Simona Inzagi bilen şertnamasynyň möhletini 2 ýyl uzaltdy. “Romada” ýaz aýlarynda wezipä bellenen Klaudio Ranieri hem toparyň tälimçiligini taşlady.

Soňky 8 ýylyň çempiony “Ýuwentus” toparyna-da “Çelsä” Ýewropa ligasyny gazandyran Maurizio Sarriniň tälimçi bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Çempion tälimçileriň ýene biri wezipesinden gitdi
Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez
Ronaldo Mançesterde