Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar

Ýewropanyň öňdebaryjy ligalaryndan Italiýanyň çempionaty Serie A-nyň täze möwsümine ertir badalga berler. Bu möwsüm Serie A-nyň 90-njy, Italiýanyň iň ýokary ligasynyň 120-nji möwsümi bolar. Çempionlygyň esasy dalaşgärleri hökmünde Ýuwentusy, soňky çempion Interi, Romany, Milany hem-de Atalantany görkezmek bolar. Çempionat 21-nji awgustda başlap, geljek ýylyň 22-nji maýynda tamamlanar.

Italiýanyň ýygyndysynyň Ýewropada çempion bolmagynyň çempionata nähili oňaýly täsiriniň boljakdygyny wagt görkezer.Ronaldonyň transferi bilen azda-kände abraýy ýokarlanan Serie A-da bu möwsümde azy ýaran transfer wakasy bolmady.

Gaýtam Romelu Lukaku ýaly ýyldyz hüjümçi Serie A-dan gaýtdy.Muňa garamazdan, esasan hem tälimçileriň bäsleşigine öwrüljek çempionatyň 90-njy ýubileý möwsüminde haýsy toparyň maý aýynda arzyly kubogy eýelejekdigi janköýerleri gyzyklandyrman duranok.

ÝUWENTUS. Iki ýyldan soň täzeden toparyň tälimçiligine bellenen Massimiliano Allegeriniň we onuň şägirtleriniň ilkinji nobatdaky maksady bir möwsümlik arakesme berlen çempionlyk ýoluna gaýtadan dolanmak. Ronaldo, Kieza, Dibala, Morata, Kiellini, Bonuççi ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýan Goja Sinýoranyň ýene bir esasy arzuwy köp ýyldan bäri ýetip bilmeýän UEFA Çempionlar ligasynyň çempionlygyny gazanmak bolar.

INTER. 11 ýyldan soň gazanylan çempionlygyny bu möwsümde gaýtalamak Milan şäheriniň gara-gök toparyna kyn düşse gerek.Kluby çempion eden tälimçi Antonio Konte, şol sanda uly goşant goşan Romelu Lukaku, Aşrah Hakimi dagy topardan gitdi.

Ornuna Jeko, Damfriz, Çalhanoglu ýaly oýunçylary goşan nerazzurriler Martines, Sançes, Perişiç, Barella, Handanowiç ýaly futbolçylaryna bil baglaýar.Täze tälimçi Simona Inzaginiň hem nähili başarnyk görkezjekdigi sowal bolup durýar.

ROMA. Rimlileriň şu möwsümdäki iň esasy transferi, gürrüňsiz, tälimçi Žoze Mourinio bolup, onuň täzeden Serie A-da nähili oýun görkezjekdigi köpleriň üns merkezinde. Topar Abraham, Şomurodow, Rui Patrisio ýaly oýunçylary transfer etdi.

MILAN. Iki möwsümden bäri özüni dürsäp başlan Milan Stefano Pioliniň tälimçiliginde yzygiderliligini saklap gelýär. Donnarumma, Çalhanoglu ýaly esasy oýunçylaryny elinden gideren Milan Žiru, Maýnan ýaly fransiýaly futbolçylary transfer etdi. Geçen möwsümde myhmançylykda tas ähli oýunda ýeňiş gazanan Milan öz meýdançasynda bu görkezijisini ýokarlandyrsa, çempionlygyň iň esasy dalaşgäri bolar.

ATALANTA. Soňky ýyllarda çempionlyk ýaryşynda soňuna çenli göreş alyp barýan we owadan oýny bilen taraply-tarapsyz hemmäniň söýgüsini gazanan Atalanta tälimçisi Jan Pier Gasperinä bil baglaýar. Topar üç möwsümden bäri üçünjiligi eýeläp gelýär.

BEÝLEKILER. Maurizio Sarrini tälimçilige bellän Lasiony, Luçano Spallettini bilen täze başlangyçlara gadam basan Napolini çempionlygyň beýleki dalaşgärleri hökmünde bellemek bolar.

20 toparyň 12-si tälimçisini çalyşdy

Toparlaryň köpüsi täze möwsüme täze tälimçiler bilen başlaýar. Tälimçisini çalşan toparlaryň sany 12-ä deň bolup, bu soňky ýyllarda hasaba alnan iň ýokary görkezijidir.

Napolide Jennaro Gattusonyň ornuna Luçano Spalletti, çempion Interde Antonio Konteniň ornuna Lasionyň tälimçisi Simona Inzagi, Lasioda Inzaginiň ýerine-de Maurizio Sarri geçdi. Ýuwentusda Andrea Pirlo wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna turinlileriň ozalky tälimçisi Massimilano Allegri wezipä bellenildi.

Romada portugaliýaly Paulo Fonsekanyň deregine başga bir portugaliýaly tälimçi, meşhur Žoze Mourinio toparyň tälimçisi boldy.Hellas Weronanyň geçen möwsümdäki tälimçisi Iwan Ýuriç şu möwsüm üçin Torino toparyna tälim berer.

Hellas Werona bolsa Eusebio Di Françesko bilen şertnama baglaşdy.Spesiýanyň tälimçisi Winçenzo Italiano karýerasyny Fiorentinada dowam etdirse, Tiago Motta Spesiýanyň täze tälimçisi boldy.Empolidäki wezipesini taşlan Alessio Dionsi Sassuolo toparyna tälim berer.

Dionsiniň ornuna-da Empoli toparynyň ýolbaşçylary Aurelio Andreazzli bilen ylalaşdylar.Sampdoriýadaky wezipesini taşlan Klaudio Ranieriniň ornuna Roberto D’Awersa bellenildi.

Hemişe ýerli tälimçileriň öňe saýlanýan ýurdunda 20 tälimçiniň diňe 3-si daşary ýurtly bolup, galan 17-si italýanlardyr. Beýleki 3 tälimçi-de portugaliýaly, serbiýaly hem-de horwatiýaly tälimçilerdir.

Çempionatyň täze wekilleri

Serie A-nyň täze toparlary Salernitina, Wenesiýa hem-de Serie B-niň çempiony Empoli klublarydyr.Olaryň ilkinji ikisi ençeme ýyldan soň Serie A dolandy. 3-nji gezek Serie A-da çykyş etjek Salernitana mundan öň 1947/48 hem-de 1998/99 möwsümlerinde bu başarnygy görkezipdi. Ýurduň suw üstündäki şäheriniň kluby Wenesiýa 20 ýyldan soň ýokary liga dolanyp, Serie A-daky 13-nji möwsümini başdan geçirerler.

Wenesiýa soňky 2001/02 möwsüminde Serie A-da çykyş edipdi. Ýygy-ýygydan aşaky liga düşýän Empoli soňky gezek 2018/19 möwsüminde Serie A-da çykyş edip, bu ýyl olaryň 14-nji möwsümi bolar.

Çempionatyň birinji aýlawynyň iň esasy duşuşyklarynyň geçiriljek tapgyrlary:

3-nji tapgyr:

MilanLasio, Napoli-Ýuwentus

4-nji tapgyr: ÝuwentusMilan

6-njy tapgyr: Inter-Atalanta

7-nji tapgyr: AtalantaMilan

8-nji tapgyr: ÝuwentusRoma, LasioInter

9-njy tapgyr: Inter-Ýuwentus, RomaNapoli

11-nji tapgyr: RomaMilan

12-nji tapgyr: MilanInter

13-nji tapgyr: Inter-Napoli, LasioÝuwentus

14-nji tapgyr: ÝuwentusAtalanta, NapoliLasio

16-njy tapgyr: Napoli-Atalanta, RomaInter

18-nji tapgyr: MilanNapoli

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Top depmän, tälimçi bolanlar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Golaýda tälimçisini çalşan klublar