Möwsümdäki ilkinji ýeňşi

Italiýanyň çempionatynda öz meýdançasynda “Lasio” bilen duşuşan “Salernitana” güýçli garşydaşyny 2-1 hasabynda ýeňdi. Bu olaryň şu möwsümdäki ilkinji ýeňşi bolup, Immobileniň (43 p) geçiren goly esasynda öňe saýlanan “Lasionyň” derwezesinden ýeňiş getiren pökgüleri Kastanos (55) bilen Kandrewa (66) derwezä girizdi.

“Serie A”-da soňky çempion “Napoli” myhmançylykda “Atalantany” Kwarasheliýa bilen Elmasyň gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňdi. “Milan” öz meýdançasynda “Fiorentinany” Teo Hernandesiň 45+2-nji minutda geçiren penalti goly bilen 1-0 utdy.

Duşuşykda meýdança giren milanly Françesko Kamarda 15 ýaş 260 gün bilen “Serie A”-da oýnan iň ýaş futbolçy boldy.Italia derbisinde “Ýuwentus” bilen “Inter” duşuşyp, duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady.

Wlahowiçiň hem-de Martinesiň garşylykly gollary bilen duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Salernitana Lasio: 2-1 (Kastanos 55, Kandrewa 66 Immobile 43 p)

Atalanta Napoli: 1-2 (Lukmen 53 Kwarasheliýa 44, Elmas 79)

Milan Fiorentina: 1-0 (Teo Hernandes 45+2 p)

Kaliari Monza: 1-1 (Dossena 10 Mariç 61)

Empoli Sassuolo: 3-4 (Kaputo 3 p, Fazzini 25, Kowalenko 86 Pinamonti 9, Enrike 20, Berardi 66 p, 90+2)

Frozinone Jenoa: 2-1 (Sule 34, Monterizi 90+4 Malinowskiý 38)

Roma Udineze: 3-1 (Mançini 20, Dibala 81, El Şaarawi 90 Towen 57)

Ýuwentus Inter: 1-1 (Wlahowiç 27 Martines 33),

Werona Leççe

Bolonýa Torino

Ýene degişli makalalar

“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Serbiýanyň ýygyndysy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ronaldo 5-nji orna geçdi