Serbiýanyň ýygyndysy

Ýyldyz oýunçylary özünde jemleýän Serbiýanyň ýygyndysyna tälimçi Dragon Stoýkowiç düzümine 26 futbolçy çagyrdy. Olaryň arasynda Tadiç, Wlahowiç, Kostiç, Mitrowiç, Milinkowiç-Sawiç, Ýowiç ýaly ýyldyz oýunçylar bar. Serbiýanyň ýygyndysy “G” toparcada Braziliýadyr Şweýsariýanyň hem-de Kamerunyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER: Marko Dmitrowiç (Sewilýa), Predrag Raýkowiç (Malorka), Wanýa Milinkowiç-Sawiç (Torino);

GORAGÇYLAR: Stefan Mitrowiç (Hetafe), Nikola Milenkowiç (Fiorentina), Strahinýa Pawlowiç (Red Bull Zalsburg), Miloş Welkowiç (Werder), Filip Mladenowiç (Legiýa), Strahinýa Erakowiç (Srwena Zwezda), Sržan Babiç (Almeriýa);

ÝARYMGORAGÇYLAR: Nemanýa Gudel (Sewilýa), Sergeý Milinkowiç-Sawiç (Lasio), Saşa Lukiç (Torino), Marko Gruýiç (Porto), Filip Kostiç (Ýuwentus), Uroş Raçiç (Braga), Iwan Iliç, Darko Lazowiç (ikisem Werona), Andriýa Žiwkowiç (PAOK);

HÜJÜMÇILER: Duşan Tadiç (Aýaks), Aleksandar Mitrowiç (Fulhem), Duşan Wlahowiç (Ýuwentus), Filip Džuriçiç (Sampdoriýa), Luka Ýowiç (Fiorentina), Nemanýa Radoniç (Torino).

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Atalantanyň” yzly-yzyna 11-nji ýeňşi, “Ýuwentusyň” 10-njy deňligi
Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy
DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi