Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar

/* custom css */ .td_uid_19_60c2a9ff5b2a1_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c2a9ff5b2a1_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Islendik türgen, futbolçy halkara ýaryşlara gatnaşyp, öz ýurdunyň abraýyny belende galdyrmagy, öz ýurdunyň baýdagyny asmana götermegi hemişe arzuw edýär. Ýöne bu maksat köplerine ýetdirse-de, has köpleri üçin diňe arzuwlygyna galýar.

Bu ýagdaý ertir başlanjak futbol boýunça 16 Ýewropa çempionaty üçin hem degişlidir.Ilki bilen gatnaşýan toparyň sanynyň çäkli bolmagy we munuň üçinem saýlama tapgyrlarynda üstünlikli çykyş etmegiň gerekdigini belläliň.

Jemi 55 agzasy bolan UEFA-nyň 24 ýygyndysynyň şu ýaryşda bolmagy, düzümine ýyldyz oýunçysy bolan tas ähli toparyň hem çempionata gatnaşýandygyny görkezýär. 1-2 ýygyndydan başga yklymyň ähli öňdebaryjy toparlary EURO 2020-ä ýollanma aldy diýsek ýalňyş bolmaz.

Gatnaşmaga hukuk gazanan ýagdaýyňda-da türgenleriň ýa-da futbolçylaryň öňünde ýene-de iki sany päsgelçilik bar.Olaryň birinjisi şikes, beýlekisi-de tälimçiniň karary.Ine şu üç ýagdaý ýyldyzlaryň halkara ýaryşlara gatnaşyp boýunça ykbalyny kesgitleýär. ÝYGYNDYSY GATNAŞMAÝANLAR Ýewropa çempionatyna ýygyndysynyň gatnaşyp bilmändigi sebäpli öýünde tomaşa etjekleriň hatarynda ilki bilen norwegiýaly ýyldyz hüjümçi Erling Holanny agzamak bolar.

Onuň topardaşlaryndan Martin Odegar, Muhamed Elýunussi, Aleksander Sorlot, şol sanda sloweniýaly Ýan Oblak, ysraýylly Eran Zahawi, bosniýaly Edin Jeko bilen Miralem Pýaniç, gresiýaly Kostan Manolas, islandiýaly Gulfi Sigurdsson, garadagly Stefan Sawiç bilen Stewan Ýowetiç dagy çempionata öýlerinden tomaşa ederler.

Düzüminde birnäçe ýyldyz oýunçy bolan Serbiýadan hem Aleksandar Kolarow, Duşan Tadiç, Filip Kostiç, Sergeý Milinkowiç-Sawiç, Adem Lýaýiç, Nemanýa Matiç, Aleksandar Mitrowiç, täze ýyldyz Duşan Wlahowiç, Luka Ýowiç dagyny agzamak bolar. ŞIKESLI BOLANLAR Şikesi sebäpli çempionaty goýberjekleriň arasynda ilki bilen 5 ýyldan soň ýygynda dolanan şwesiýaly weteran ýyldyz Zlatan Ibrahimowiçi bellemek gerek.

Niderlandlaryň esasy goragçysy Wirgil Wan Deýk, Ýasper Silessen, Donni wan de Bek dünýä boýunça milli ýygyndyda iň köp çykyş eden 2-nji futbolçy Serhio Ramos, Ansu Fati, Dani Karwahal golaýda şikes alan angliýaly ýaş ýyldyzlar Trent Aleksander-Arnold, Meýson Grinwud, germaniýaly Marko Roýs, operasiýa bolan Mark-Andre ter Ştegen, portugaliýaly Andre Gomeş, polşaly Kşiştof Pýontek, Arkadiuş Milik, türkiýeli Jenk Tosun, ukrainaly Ýewgeniý Konoplýanka, Wiktor Kowalenko, Artýom Krawes şikesi sebäpli çempionata gatnaşyp bilmezler.

TÄLIMÇILER TARAPYNDAN SAÝLANMADYKLAR Bulardan başga-da tälimçiler tarapyndan çagyrylmadyk ýyldyzlaryň sany-da az däl.Möwsümdäki çykyşlaryny göz öňünde tutup, ozal ýygyndyda telim gezek duşuşyk geçiren birnäçe oýunçy çempionata öýlerinden tomaşa etmeli bolarlar.

Russiýadan Aleksandr Ýerohin, Anton Mirançuk, Fýodor Smolow, Ýuriý Gazinskiý, Gilerme, Roman Noýştadter, Angliýadan Jesse Lingard, Erik Daýer, Harri Winks, Ispaniýadan Marko Asensio, Isko, Saul Nigues, Italiýadan Alessio Romanýoli, Moýza Ken, Matteo Politano dagyny tälimçileri çagyrmady.

Germaniýadan Jonatan Tah, Niko Şuls, Ýulian Brandt, Ýulian Draksler ýaly futbolçylar Löwüň yglan eden düzüminiň daşynda galdy.Fransiýanyň ýygyndysynda çagyrylmadyklardan ýene bir ýygyndy düzmek bolar.Didie Deşam 6 ýyldan soň Karim Benzemanyň täzeden ýygyndy alyp, taraply-tarapsyz hemmäni begendirdi.

Tejribeli tälimçi 26 oýunçydan ybarat düzüme Nabil Fekir, Hussam Auar, Antoni Marsial (üçüsiniň-de az-owlak şikesi bar), Stiwen Nzonzi, Tanguý Ndombele, Ferlan Mendi, Daýo Apamekano, Aleksander Lakazett, Teo Hernandes, Samuel Umtiti, Wesli Fofana, Benžamin Mendi, Eduard Kamawinga ýaly klublarynyň esasy düzüminde yzygiderli çykyş edýän futbolçylary dürli sebäplere görä çagyrmady.

Ýene degişli makalalar

Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
“Barselona” ikinji tapgyra çykdy
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Transfer täzelikleri
UEFA ýylyň topary
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar