Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar

Her uly ýaryşda bolşy bu Dünýä Kubogynda hem çykyş edip bilmejek ýyldyz futbolçylaryň sany az däl. Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjekler aglaba 3 topara bölünýär. Olaryň 1-njisi çykyş edýän milli ýygyndylary çempionata gatnaşmak hukugyny gazanyp bilmedikler, 2-njisi şikes alanlar, 3-njisi bolsa tälimçileriň sanawa almadyk oýunçylarydyr.

Milli ýygyndysy gatnaşmaýanlar

Ilki bilen ýygyndysy gatnaşyp bilmäni üçin çempionatyň daşynda galanlary sanalyň.Bassyr 2-nji sapar Dünýä Kubogynyň daşynda galan 4 çempionlygy bolan Italiýanyň düzüminden Nikola Barellany, Çiro Immobileni, Marko Werrattini, Federiko Kiezany, Janluiji Donnarummany, Žoržiniony agzamak bolar.

Müsürli Mohamed Salah, norwegiýaly super hüjümçi Erling Holann, watandaşy Martin Edegor, kolumbiýaly Luis Diaz, Hames Rodriges, Huan Kaudrado, Radamel Falkao, çilili Aleksis Sançes, alžirli Riýad Mahrez, şwesiýaly Deýan Kuluşewski, Aleksander Isak, Zlatan Ibrahimowiç, çehiýaly Patrik Şik, ukrainaly Ruslan Malinowski, Mihaýlo Mudryk, nigeriýaly Wiktor Osimhen, Ademola Lukmen, gabonly Pier-Emerik Obameýang, wengriýaly Dominik Soboslai, kot-d’iwuarly Frank Kessi, türkiýeli Hakan Çalhanoglu, awstriýaly Dawid Alaba, gruziýaly täze ýyldyz Hwisa Kwarasheliýa, şotlandiýaly Andrýuw Robertson, sloweniýaly Ýan Oblak, slowakiýaly Milan Şkriniar ýaly oýunçylar ýygyndylarynyň gatnaşmandygy sebäpli çempionata öýlerinden tomaşa ederler.

Şikes alanlar

Şikes alanlaryň sanawynda-da ýyldyz futbolçylaryň sany az bolman, Fransiýanyň hem-de Angliýanyň ýygyndylarynyň käbir esasy oýunçylary şikesi sebäpli çempionaty goýbermeli bolarlar.Fransiýaly Pol Pogba, N’Golo Kante, Maýk Menýan, düzüme alnanyndan soň şikes alan Presnel Kimpembe, 2 gün öň şikes alan Kristofer Nkunku, angliýaly Ris Jeýms, Ben Çilwell, Emil Smit Row, şeýle-de germaniýaly Marko Roýs (2014-nji ýylda-da şikesi sebäpli oýnamandy), Timo Werner, niderlandlardan Jorjinio Weýnaldum, meksikaly Hesus Korona, portugaliýaly Diogo Žota, argentinaly Jowani Lo Selso dagy şikesi sebäpli çempionata gatnaşyp bilmezler.

Tälimçiler tarapyndan sanawa goşulmadyklar

3-nji topar bolsa tälimçileriň gözden salanlary bolup, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Luis Enrike tejribeli goragçy Serhio Ramosy, şol sanda derwezeçi Dawid De Heany, ýarymgoragçy Tiago Alkantarany, hüjümçi Ýago Aspasy, goragçy Markos Alonsony, derwezeçi Kepa Arrizabalagany, Fransiýanyň tälimçisi Didie Deşam hüjümçiler Antoni Marsialy bilen Wissam Ben Ýedderi, Angliýanyň tälimçisi Garet Sautgeýt bolsa Fikaýo Tomori hem-de Temmi Abraham ýaly “Serie A”-da ýokary derejeli çykyş edýän oýunçylary sanawa almady.

Germaniýaly Robin Gosens, argentinaly Anhel Korrea, Jowanni Simeone, braziliýaly Roberto Firmino, Filippe Koutinio, Gabriel Barbosa, niderlandlardan Arnaut Danžuma, Guus Til, Swen Botman, Hans Hatebur ýaly oýunçylaryň çykyşlary tälimçileriň nukdaýnazaryndan milli ýygyndy üçin ýeterlik hasaplanmady.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI ÝHHG-NYŇ MEJLISINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ILERI TUTÝAN UGURLARY BOÝUNÇA ÇYKYŞ ETDI
“Häkimiýeti saklamak üçin”. Merkezi Aziýa ýurtlarynda saýlananlaryň hatyrasyna Konstitusiýany täzeden ýazmak
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TÜRKMENISTAN ÝEWROPA BILELEŞIGI DIALOGYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI