“Barselona” ikinji tapgyra çykdy

UEFA Çempionlar ligasynda toparçadaky 4-nji duşuşyklar oýnaldy. Bu tapgyrdan soň, “Barselona” 2-nji tapgyra çykan ilkinji topar boldy. “Monako”, PSW, “Lokomotiw”, AEK, “Wiktoriýa Plzen”, “Ýang Boýz” toparlarynyň 2-nji tapgyra çykmak üçin mümkinçiligi galmady.

15 oýundan soň utuldy“A” toparçada garaşylmadyk ýagdaýda “Monako” öz meýdançasynda “Klub Brýuggeden” 40 hasabynda asgyn geldi.Täze tälimçisi Tierri Anriniň ýolbaşçylygyndaky 5-nji oýnunda-da ýeňiş gazanyp bilmedik “Monako” toparyna umumylykda 15 duşuşykdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.

Belgiýa topary Çempionlar ligasynda 12 oýundan soň, ilkinji ýeňşini gazandy.Oýunda Hans Wanaken 2 gezek tapawutlandy. 15 oýundan bäri ýeňilmän gelýän Dortmundyň “Borussiýasy-da” myhmançylykda “Atletikodan” 20 hasabynda utuldy.

Gollary Saul Nigues bilen Antuan Grizmann derwezä girizdi. “B” toparçada “Tottenham” öz meýdançasynda PSW-den 21 üstün çykdy. 2-nji minutda Luk de Ýonguň goly bilen öňe saýlanan myhmanlaryň torundan ýeňiş pökgüleriniň ikisini hem Harri Keýn geçirdi.

Toparçadaky beýleki oýunda-da “Inter” Juseppe Meazzada “Barselonany” kabul etdi.Myhmanlar 83-nji minutda Malkom bilen öňe geçse-de, 87-nji minutda Mauri Ikardi toparyny ýeňlişden halas etdi.

“Liwerpulyň” garaşylmadyk ýeňlişi“C” toparçada tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi hasaba alyndy. Ýaryşyň debýutanty “Srwena Zwezda” öz meýdançasynda geçen möwsümiň finalçysy “Liwerpuly” Milan Pawkowyň 25-nji we 27-nji minutlardaky gollary bilen 20 hasabynda utdy. “Liwerpul” bu ýaryşda ilkinji gezek myhmançylykda yzly-yzyna 3 gezek ýeňlişe sezewar boldy. “Napoli”PSŽ duşuşygy-da Pariždäki ýaly deňlikde tamamlandy. 1-nji ýarymyň ahyrynda Bernat bilen öňe saýlanan PSŽ-niň derwezesinden hasaby deňleýän goly 63-nji minutda penaltiden Insinýe girizdi. “D” toparçada utuksyz barýan Moskwanyň “Lokomotiwini” utmak “Porto” toparyna kyn düşmedi. 1-nji oýunda 31 ýeňen “Porto” öz meýdançasynda-da 41 hasabynda garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi.

Milli çempionatynda aşaky orunlarda barýan “Şalke” Germaniýada “Galatasaraýy” Burgştaller we Uthuň gollary bilen 20 ýeňdi. “E” toparçada “Bawariýa” Lewandowskiniň gollary bilen AEK-i 20 hasabynda utdy.Bu duşuşyk Lewandowskiniň Çempionlar ligasyndaky 100-nji oýny diýlip, hasaba alyndy. Şu möwsümde Çempionlar ligasynda diýseň şowly oýun görkezýän “Aýaks” myhmançylykda “Benfika” bilen 11 deňme-deň oýnady.

“Siti” 6, “Real” 5 gol geçirdi“F” toparçada Ukrainada 30 ýeňen “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Şahtýoryň” torundan 1-nji oýunda geçiren gollarynyň 2 essesini girizdi. Şol gollaryň deň ýaryny braziliýaly hüjümçi Gabriel Žesus öz adyna ýazdyrdy (het-trik etdi).

Beýlekileri-de Dawid Silwa, Rahim Sterling hem-de Riýad Mahrez tora saldy. “Lion” bilen “Hoffenhaým” Fransiýadaky oýunda-da deňme-deň netije görkezdi.Ilkinji 30 minut dolmanka, Fekir we Ndombeleniň gollary bilen öňe saýlanan ýer eýeleri 65-nji minutda Kramariçiň, 90+2-nji minutda-da Kaderebekiň pökgülerini saklap bilmediler.

Duşuşygyň 51-nji minutynda “Hoffenhaýmyň” goragçysy Nuhu gyzyl kart aldy (2-nji sarydan). “G” toparçada Lopetegiden soň, wagtlaýynça Santiago Solarini tälimçilige bellän “Real Madrid” myhmançylykda “Wiktoriýa Plzenden” 50 üstün çykdy. 1-nji ýarymda 4 gol geçiren “Realyň pökgüleriniň 2-sini Karim Benzema derwezä girizdi.

Toparçadaky beýleki oýunda bolsa, “Roma” myhmançylykda-da Moskwanyň SSKA-syny 21 hasabynda ýeňdi.Oýnuň 56-njy minutynda SSKA-nyň islandiýaly goragçysy Magnussona emin Jüneýt Çakyr gyzyl kart görkezdi.Soňky minutlarda gelen ýeňiş“H” toparçada tapgyryň-da esasy oýunlarynyň biri bolan “Ýuwentus”“Mançester Ýunaýted” duşuşygynda iňlis kluby soňky minutlarda ýeňiş gazandy. 65-nji minutda super ýyldyz Kristiano Ronaldo owadan gol bilen “Ýuwentusy” öňe saýlap, ozalky toparyny gynandyrdy.

Bu onuň şu möwsümdäki ilkinji goly bolup, ol Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sanyny 121-e ýetirdi.Oýnuň 86-njy minutda jerime urgusyndan tapawutlanan Huan Mata hasaby deňledi. 90-njy minutda-da Bonuççi topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçirdi.

Netijede, “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Ýuwentusy” 21 hasabynda ýeňdi.Beýleki oýunda-da “Walensiýa” öz meýdançasynda Santi Minanyň 2 gol geçiren duşuşygynda “Ýang Boýzy” 31 hasabynda utdy.Duşuşygyň 77-nji minutynda myhmanlaryň oýunçysy Sanogo 2-nji sary kartdan soň, meýdançadan çykaryldy.Çempionlar ligasynda toparçadaky 5-nji duşuşyklar 2728-nji noýabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Borussiýa”, “Barselona”, “Ýuwentus”
Dibala,Neýmar,Jeko
4 topar 2-nji tapgyra çykdy