Tapgyryň iň esasy duşuşyklary: “Liwerpul”“Arsenal”, “Roma”“Ýuwentus”, “Galatasaraý”“Fenerbahçe”

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda

nobatdaky tapgyrda biri-birinden gyzykly bolar diýlip çaklanylýan duşuşyklar

futbol janköýerlerine garaşýar. Olaryň iň esasysy “Liwerpul” bilen “Arsenalyň”

arasyndaky duşuşyk bolup, bu oýun 28-nji sentýabrdan 29-njy sentýabra geçilýän

gije 00:00-da oýnalar. Şeýle-de hepdäniň iň esasy ýene bir duşuşygy-da

Italiýanyň “A-Seriýasynda” geçiriler. 1-nji tapgyrda tehniki ýalňyşlyk sebäpli

3-0 hasabynda ýeňildi edilen “Roma” öz meýdançasynda soňky çempion “Ýuwentusy”

kabul eder. Dünýäniň öňdebaryjy derbileriniň biri hökmünde görülýän

“Galatasaraý”“Fenerbahçe” derbisi-de şu hepdäniň ahyrynda oýnalar. 1-nji

tapgyry goýberen “Barselona” hem täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda ilkinji

resmi duşuşygyny geçirer. Katalonlar möwsüme “Wilýarreal” duşuşygy bilen

başlarlar. Russiýanyň çempionatyn-da tapgyryň merkezi oýnunda, has takygy

Moskwa derbisinde SSKA bilen “Lokomotiw” özara güýç synanyşar.

Şeýle-de “Türkmenistan sport”

teleýaýlymynda 26-njy sentýabrda “Torino”“Atalanta” (18:00), “Betis”“Real

Madrid” (00:00), 27-nji sentýabrda-da “Hoffenhaým”“Bawariýa” (18:30) hem-de

“Barselona”“Wilýarreal” duşuşyklary-da göni ýaýlymda görkeziler.

26-njy sentýabr:

Braýton Mançester Ýunaýted (16:30)

Augsburg Borussiýa D (18:30)

Baýer Leipsig (18:30)

Kristal Palas Ewerton (19:00)

Sent-Etien Renn (20:00)

Kaliari Lasio (21:00)

West Bromwiç Çelsi (21:30)

Inter Fiorentina (23:45)

Betis Real Madrid (00:00)

Boawişta Porto (01:00)

27-nji sentýabr:

Hoffenhaým Bawariýa (18:30)

Atletiko Madrid Granada (19:00)

Mançester Siti Lester Siti (20:30)

Krotone Milan (21:00)

SSKA Lokomotiw (21:00)

Galatasaraý Fenerbahçe (21:00)

Roma Ýuwentus (23:45)

Barselona Wilýarreal (00:00)

Reims PSŽ (00:00)

28-nji sentýabr:

Liwerpul Arsenal (00:00)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Sport teleýaýlymynda Ýewropanyň futbol çempionatlarynyň oýunlarynyň dokuzysy göni ýaýlymda görkeziler
Joma sport geýimleriniň brendi ähli harytlaryna 25% arzanladyş yglan edýär
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy Ýewropa çempionatlarynyň futbol duşuşyklarynyň 12-sini göni ýaýlymda görkezer