Joma sport geýimleriniň brendi ähli harytlaryna 25% arzanladyş yglan edýär

Joma sport geýimleriniň brendi ähli harytlaryna 25% arzanladyş yglan edýär

Ispaniýanyň Joma sport geýimler brendiniň Türkmenistandaky resmi wekili harytlarynyň ähli görnüşiniň 25% arzan bahalardan ýetirilýändigini habar berýär. Arzanladyş aksiýasy 25-nji iýunda başlanýar we 30-njy iýunda tamamlanýar.

Joma sport egin-eşiklerini, aýakgaplary hem-de sportuň ähli görnüşleri üçin, şeýle-de sport söýüjiler we professional hünärmenler üçin niýetlenen sport geýimlerini öndürýär.Joma haryt nyşanly formalary futbol, basketbol, gandbol oýunçylary, tigir sürýänler, ýeňil atletikaçy türgenler, fitnes höwesjeňleri geýýärler.

Joma sport eşikleriniň haryt görnüşleriniň hatarynda — köýnekçeler, şortlar, üstki eşikler, switerler, ýeňil kurtkalar hem-de ýyly saklaýan kurtkalar, legginsler, şeýle hem joraplar we getralar bar. Şeýle hem aýakgaplaryň görnüşleri köpdürlüdir — ylgaw aýakgaplary, futbol aýakgaplary we ýapyk binalarda sport bilen meşgullanmak üçin aýakgaplar.

Özüniň sport geýim nusgalary üçin Joma aýratyn Dry MX tehnologiýasynda taýýarlanan matalary peýdalanýar. Bu hili matalar diňe bir fiziki güýjüň dowamynda deriniň dem almagyna mümkinçilik bermän, çyglylygyň aýrylmagyna hem goşant goşýar, hatda köp derlenen ýagdaýynda hem, Joma sport geýimleri çyg bolmaýar hem-de bedene ýapyşmaýar.

Joma sport aýakgaplary dabana we bogunlara düşýän agramy azaltmagy nazarda tutup işlenip taýýarlanylýar. Onuň aşaky bölekleri has ýokary çekişi bilen tapawutlanyp, islendik tekizlikde hem taýmaýar, petekleriniň göwrümi bolsa aýagyň tebigy bolşuny saklamak üçin döredilen. Joma aýakgaplarynyň ýokarysy, adatça deriden, asty bolsa neýlondan ýasalýar.

Joma brendi 1965-nji ýylda Ispaniýada döredildi. Ilkibaşda bu futbol aýakgaplaryny öndürýän kiçi göwrümli zawod bolupdyr. Onuň brendi esaslandyran täze eýesi sport aýakgaplarynyň nusgawy hataryny giňeltmek kararyna gelipdir, şondan soňra bolsa fabrika sport eşiklerini öndürip başlapdyr.

Häzirki wagtda Joma önümleri dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda alyjylara ýetirilýär, kompaniýanyň ABŞ-da, Ýewropada we Aziýada ofisleri bar.Bu brend öz gezeginde dünýädäki sport eşiklerini we enjamlaryny öndürýän ilkinji on sany öňdebaryjy kompaniýanyň biridir.

Dünýäniň öňdebaryjy futbol, basketbol, woleýbol toparlary, mysal üçin Willarreal we Hetafe (Ispaniýa), Hoffenhaým (Germaniýa), Anderleht (Belgiýa), Norwiç (Angliýa), Zenit (Russiýa), Torino (Italiýa) ýaly futbol toparlary, şeýle hem Bolgariýanyň, Kubanyň, Gyrgyzystanyň, Gondurasyň, Rumyniýanyň, Ispaniýanyň futzal milli ýygyndy toparlary Joma formasynda çykyş edýärler.

Mundan başga-da, Joma brendi Ermenistanyň milli ýygyndysynyň futboldan başga ähli sport görnüşlerini üpjün edýän brenddir.

Türkmenistanyň bazarynda Joma brendi 2012-nji ýyldan bäri hereket edýär. Türkmenistanyň basketbol, gylyçlaşmak hem-de ýeňil atletika boýunça federasiýalary, Şagadam we Energetik futbol klublary, Deňizçi, Senagatbank, Migrasiýa, Turan ýaly futzal klublary, Aşgabadyň ýokary okuw mekdepleriniň sport klublary hem-de çagalar sport klublary onuň yzygiderli müşderileri bolup durýar.

Joma brendiniň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy Author (Çehiýa) haryt nyşanly welosipedleriň we welosiped esbaplarynyň hem ýurt boýunça wekilidir. Bu brende degişli söwda dükanyndan şäherde we onuň töwereginde welosipedde gezelenç etmäge isleg bildirýänler özleri üçin ajaýyp welosipedleriň we esbaplaryň dürli görnüşini saýlap bilerler.

Ispaniýanyň brendiniň geýimleriniň we aksessuarlarynyň hili bilen resmi wekiliň şu salgyda ýerleşýän dükanyna baryp tanşyp bolýar: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk söwda we dynç alyş merkezi, 2-nji gat, 24-nji dükan.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy Ýewropa çempionatlarynyň futbol duşuşyklarynyň 12-sini göni ýaýlymda görkezer
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Türkmenistan Sport teleýaýlymynda Ýewropanyň futbol çempionatlarynyň oýunlarynyň dokuzysy göni ýaýlymda görkeziler