“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler

Ýewropa çempionatynda iň köp Germaniýanyň hem-de Ispaniýanyň ýygyndylary ýeňiş gazandy. Şol nukdaýnazardan iň köp şol ýurduň klublarynyň wekilleri-de çempionlyk gazanan futbolçylardyr.Germaniýanyň “Bawariýa” topary iň köp futbolçysy Ýewropanyň çempionlygyny gazanan klubdur. Şu wagta çenli bu klubuň 19 futbolçysy yklymyň iň uly kubogyny asmana göterdi.

Bu görkeziji “Real Madridde” 16-a deňdir. “Barselonaly” futbolçylaryň 15-si, “Ýuwentusyň” oýunçylarynyň 10-sy yklym ýaryşynda çempion diýen derejä mynasyp boldular.

“Bordo”, “Borussiýa D”, “Borussiýa M”, “Inter”, “Walensiýa” klublaryndan 9, “Milan” we “Monakodan” 8, Çelsi, “Slowan Bratislawadan” 7, “Köln”, “Panatinaikos”, “Saragosa” klublaryndan 6, AEK, “Aýaks”, “Liwerpul”, “Napoli”, PSŽ, PSW, “Werder” klublarynyň 5 futbolçysyna-da bu bagta ýetmek miýesser etdi.

Alty gün öň Italiýanyň çempionlygy bilen tamamlanan 16-njy Ýewropa çempionatyndan soň sanawa ýene-de 3 klub goşuldy. Futbolçysy Ýewropanyň çempiony bolan klublaryň hatarynda indi Italiýanyň “Lasio”, “Sassuolo” hem-de “Atalanta” klublary-da bar. Şu wagta çenli jemi 104 klubuň futbolçysy bu hormata laýyk görüldi.

Bir çempionatda iň köp “bawariýaly” futbolçylar çempionlyk gazandy. Ýagny 1996-njy ýylda Germaniýanyň ýygyndysy ýeňiji bolanda Kan, Klinsmann, Helmer, Basler ýaly jemi 8 “bawariýaly” futbolçy olaryň çempionlygyna uly goşant goşupdy.

Bu ugurda “Slowan Bratislawa” kluby (häzirki wagtda Sloweniýanyň kluby) 2-nji ýerde bolup, 1976-njy ýyldaky Çehoslowakiýanyň çempionlygynda klubuň 7 futbolçysy esasy roly oýnapdy (Ýozef Çapkowiç, Anton Ondruş, Ýan Piwarnik, Marian Masni, Koloman Gögh, Ýan Şwehlik, Aleksander Wensel).

Iňlis klublaryndan “Mançester Ýunaýtediň” 2 futbolçysy Ýewropanyň çempionlygyny gazanyp, olaryň ikisi-de derwezeçilerdir. Ýagny Peter Şmeýhel 1992-nji ýylda, Fabian Bartez 2000-nji ýylda çempionlyk gazanypdy.

Şu çempionatda 2, umumylykda-da 7 futbolçysy Ýewropanyň çempionlygyny gazanan “Çelsi” klubunda iňlis futbolçylaryň hiç birine-de bu derejä ýetmek başartmady. Başgaça aýdylanda, Ýewropanyň çempiony bolan “çelsili” 7 futbolçynyň ählisi-de legionerlerdir (Didie Deşam, Marsel Dezail, Frank Lebof, Fernando Torres, Huan Mata, Žoržinio, Emerson).

Umumylykda Ýewropanyň 104 klubunyň futbolçylary çempionlyk gazanyp, şolaryň arasynda UEFA Çempionlar ligasyny eýelän klublardan 5-si ýok. Ýagny “Seltik”, “Nottingem Forest”, “Aston Willa”, “Steaua” hem-de “Srwena Zwezda” klublarynyň ýeke futbolçysyna-da Ýewropanyň çempionlygyny gazanmak miýesser etmedi.

Futbolçysy Ýewropanyň çempionlygyny gazanan Ýewropa klublary:

19 Bawariýa

16 Real Madrid

15 Barselona

10 Ýuwentus

9 Bordo, Borussiýa D, Borussiýa M, Inter, Walensiýa

8 Milan, Monako

7 Çelsi, Slowan Bratislawa

6 Köln, Panatinaikos, Saragosa

5 AEK, Aýaks, Liwerpul, Napoli, PSŽ, PSW, Werder

4 Atletik, Arsenal, Atletiko, Brondbýu, Fiorentina, Hamburg, Lingbýu, Olimpiakos, Roma, Sporting, Ştutgart, Torino

3 Dinamo Moskwa, Dinamo Tbilisi, Dukla Praga, Inter Bratislawa, Sassuolo, Sewilýa, Slawiýa Praga, Spartak Moskwa, Wilýarreal

2 Atalanta, Oser, Benfika, Beşiktaş, Bolonýa, Kaliari, Duisburg, Dinamo Kiýew, Aýntraht, Feýenoord, Kaizerslautern, Koşise, Lasio, Lokomotiw Moskwa, Malýorka, Mançester Ýunaýted, Betis, Şalke, Tuluza

1 Orhus, Anderleht, B 1903, Bohemians Praga, Bolton, Braga, SSKA Moskwa, Den Boş, Dinamo Zagreb, Fortuna Düsseldorf, Fortuna Sittard, Fraýburg, Hetafe, Hansa Rostok, Karlsrue, Lester Siti, Lokomotiwa Koşise, Lill, Lion, Malaga, Mançester Siti, Marsel, Mehelen, Mulhauz, Nant, Odense, Parma, Porto, Roda, Silkeborg, Spartak Trnawa, Soşo, Southempton, Teplise, Torpedo Moskwa, SKA Rostow, Trabzonspor, Udineze, Warese, Weýle, Wolfsburg.

Ýene degişli makalalar

Slowakiýanyň täze Premýer-ministri
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary