Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda yklymyň futbolda o diýen güýçli bolmadyk ýurtlarynyň çempionlary özara duşuşyk geçirerler.Wengriýanyň “Ferenswaroş” topary Farer adalarynyň “Klakswik” topary bilen, Gazagystanyň “Astana” kluby-da Gruziýanyň “Dinamo Tbilisi” kluby bilen güýç synanyşar.

Irlandiýanyň çempiony “Şamrok Rowers” bolsa deslapky saýlama tapgyrynyň ýeňijisi bilen duşuşar. 1-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 1-nji oýunlar 11-12-nji iýulda oýnalsa, jogap duşuşyklary 18-19-njy iýulda geçiriler. Ýeňiş gazanan toparlar 2-nji saýlama tapgyryna “Kopengagen”, “Molde”, “Galatasaraý”, “Dinamo Zagreb”, “Aris”, şol sanda “Genk”, “Panatinaikos”, “Dnepr 1”, “Serwette” ýaly klublaryň hataryna goşular. 2-nji saýlama tapgyrynyň bijeleri şu gün çekiler.

Ballkani (Kosowa) Ludogores Razgrad (Bolgariýa)

BK Haken (Şwesiýa) Nýu Seýnts (Uels)

Klakswik (Farer adalary) Ferenswaroş (Wengriýa)

Şamrok Rowers (Irlandiýa) deslapky saýlama tapgyrynyň ýeňijisi

Olimpiýa Lýublýana (Sloweniýa) Walmiera (Latwiýa)

Žalgiris (Litwa) Struga (Demirgazyk Makedoniýa)

Hamrun Spartans (Malta) Makkabi Haifa (Ysraýyl)

HJK Helsinki (Finlandiya) Larne (Demirgazyk Irlandiýa)

Urartu (Ermenistan) Zrinýski (Bosniýa we Gersegowina)

Partizani (Albaniýa) BATE Borisov (Belarus)

Slowan Bratislawa (Slowakiýa) Swift Hesper (Lýuksemburg)

Farul Konstanta (Romanya) Şerif (Moldowa)

Astana (Gazagystan) Dinamo Tbilisi (Gruziýa)

Linkoln Red Imps (Girbraltar) Garabag (Azerbaýjan)

Rakuw (Polonya) Flora (Estoniýa)

Ýene degişli makalalar

“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Öňünden çykany ýeňýär
“Aris” BATE-ni derbi-dagyn etdi
Bu gezek ýeňiş gazanmak başartmady