Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli

Ýewropada 2022/23 möwsümi ahyrlap barýar. Milli çempionatlaryň aglabasy tamamlanyp, galanlary-da şu hepdäniň ýa-da geljek hepdäniň ahyrynda tamamlanar. Şu wagta çenli diňe 2 ýurduň çempiony belli bolman, olaryň 2-si hem hepdäniň ahyrynda belli bolar.

Klublaryň çempionlygy, şol sanda çempionatdaky orunlary olaryň UEFA-nyň haýsy ýaryşyna gatnaşjakdygyny kesgitleýär. “Sewilýanyň” Ýewropa Ligasynda çempionlyk gazanmagyndan soň, UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsüminde saýlama oýunlaryna gatnaşmazdan gönümel toparçalarda çykyş edip başlajak 26 klubuň ählisi hem belli boldy.

Çempionlar Ligasyna adatça Ýewropanyň öňdebaryjy 4 çempionatynyň hersinden 4 klub hiç hili saýlama duşuşygyny geçirmezden gönümel toparçalardan ýaryşa başlaýar. Bu görkeziji Ispaniýadan şu möwsüm üçin “Sewilýanyň” Ýewropa Ligasynda çempion bolmagyndan soň 5-e çykar.

Diňe 1 topar ilkinji gezek gatnaşýar

Şol 26 klubuň arasynda ilkinji gezek gatnaşýan ýeke-täk topar Germaniýanyň “Union Berlin” klubudyr. Şeýle-de, Angliýadan “Nýukasl”, Fransiýadan “Lans” toparlary 21 ýyldan soň läheňleriň arenasyna dolandy.

Ispaniýadan “Real Sosiedad” hem 9 ýyllyk arakesmeden soň Çempionlar Ligasyna wekilçilik eder. “Arsenal” 6, “Feýenoord” 5, “Lasio” bilen “Srwena Zwezda” 3, “Mançester Ýunaýted” 1 ýyldan soň Çempionlar Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

6 ýer üçin 52 klub bäsleşer

UEFA Çempionlar Ligasyna geljek möwsüm 32 klub gatnaşar. Mälim bolşy ýaly, 2024/25 möwsüminden başlabam klublaryň sany 36-a çykarylar. Indiki möwsümde gatnaşjak 32 klubuň 26-sy häzirden belli bolup, galan 6-sy geçiriljek 5 tapgyrly saýlama oýunlaryndan soň kesgitlener we şol 6 ýer üçinem jemi 52 klub saýlama tapgyryna gatnaşar.

Käbir klublar, has takygy, kabir ýurtlaryň wekilleri toparçalara çykmak üçin 5 saýlama tapgyrynda-da üstünliklik çykyş etmeli bolarlar.

Şolaryň arasynda iň az duşuşyk geçirip, toparçalara gatnaşmaga mümkinçiligi bolan Belgiýanyň (entek belli däl) hem-de Şweýsariýanyň (“Ýang Boýz”) çempionlary bolup, olar ýaryşa pleý-off tapgyryndan başlap gatnaşar. Ýagny, olar diňe 1 klub bilen duşuşyp, 2 oýnuň netijesi boýunça-da ýeňiş gazanan ýagdaýynda ýaryşa goşularlar.

Gresiýadyr (AEK) Çehiýanyň (“Sparta Praga”) çempionlary, şol sanda, “Marsel” (Fransiýa), “Braga” (Portugaliýa), PSW (Niderlandlar), “Şturm Gras” (Awstriýa), “Reýnjers” (Şotlandiýa) we TSS (Serbiýa) ýaly öz çempionatlarynda-da 2-3-nji orny eýelänler 3-nji saýlama tapgyryndan başlarlar. Ýagny olar 2 klub bilen duşuşyk geçirerler.

Çempionlar “Molde” (Norwegiýa), “Kopengagen” (Daniýa), “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa), “Galatasaraý” (Türkiýe), “Aris” (Gresiýa), Ukrainanyň (belli däl), Belgiýanyň (belli däl), Şweýsariýanyň (“Serwette”), Gresiýanyň (“Panatinaikos”) çempionatlaryndan 2-nji ýeri eýelänler 2-nji saýlama tapgyryndan ýaryşa başlarlar.

Deslapky we 1-nji saýlama tapgyryna-da futbol babatda o diýen öňe saýlanmaýan ýurtlaryň çempionatlarynyň çempionlary gatnaşar. Deslapky tapgyrda Islandiýanyň (“Breidablik”), Garadagyň (“Budocnost Podgorisa), Andorranyň (“Atletik Klub d’Eskaldes”) hem-de San Marinonyň (“Tre Penne”) çempionlary duşuşar.

1-nji saýlama tapgyrynda-da Gibraltaryň (“Linkoln Red Imps”), D.Makedoniýanyň (“Struga”), Uelsiň (Nýu Seýnts”) Farer adalarynyň (“KI Klakswik”), Estoniýanyň (“Flora”), Maltanyň (“Hamrun Spartans”), Grzuýanyň (“Dinamo Tbilisi”), Irlandiýanyň (“Şamrok Rowers”), Kosowonyň (“Ballkani”), Ermenistanyň (“Urartu”), Albaniýanyň (“Partizani”), D.

Irlandiýanyň (Larne”), Latwiýanyň (“Walmiera”), Litwanyň (“Žalgiris”), Bosniýa we Gersegowinanyň (“Zrinski Mostar”), Finlýandiýanyň (HJK), Lýuksemburgyň (“Swift Hesperange”), Moldowanyň (“Şerif”), Sloweniýanyň (“Olimpiýa Lýublýana”), Slowakiýanyň (“Slowan Bratislawa”), Gazagystanyň (“Astana”), Azerbaýjanyň (“Garabag”), Wengriýanyň (“Ferenswaroş”), Belarusyň (“BATE Borisow”, aslynda “Şahtýor Soligorsk” çempion bolupdy, galplyk sebäpli UEFA-nyň ýaryşlaryna alynmady), Polşanyň (“Rakuw Çenstohowy”), Ysraýylyň (“Makkabi Haýfa”), Şwesiýanyň (“BK Haken), Rumyniýanyň (“Farul Konstansa”) hem Bolgariýanyň (entek belli däl) toparlary 2-nji saýlama tapgyryna çykmak üçin özara göreşerler.

Her klub her tapgyrda 1 klub bilen bije çekişer we 2 oýnuň netijesi boýunça ýeňiş gazanan topar ýoluny dowam eder.

2023/24 möwsüminde UÇL-niň toparçalarynda çykyş etjek klublar

ANGLIÝA: “Mançester Siti”, “Arsenal”, “Mançester Ýunaýted”, “Nýukasl”

ISPANIÝA: “Barselona”, “Real Madrid”, “Atletiko Madrid”, “Real Sosiedad”, “Sewilýa”

GERMANIÝA: “Bawariýa”, “Borussiýa Dortmund”, “Leipsig”, “Union Berlin”

ITALIÝA: “Napoli”, “Lasio”, “Inter”, “Milan”

FRANSIÝA: “Pari Sen-Žermen”, “Lans”

PORTUGALIÝA: “Benfika”, “Porto”

NIDERLANDLAR: “Feýenoord”

AWSTRIÝA: “Red Bull Salsburg”

ŞOTLANDIÝA: “Seltik”

SERBIÝA: “Srwena Zwezda”

UKRAINA: “Şahtýor Donesk”

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Tottenhem, Roma, Kaýrat… UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň bijesi çekildi
UEFA-nyň täze ýaryşynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar