Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada

2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek nobatdaky Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri ýene-de 10 günden, ýagny 9-njy oktýabrda Frankfurtda çekiler.Bije çekilişe 53 ýygyndy gatnaşar.

UEFA Milletler Ligasynda görkezen netijeleri esasynda 6 torba bölünen ýygyndylar 10 toparça paýlanar. 7 toparçada 5, 3 toparçada-da 6 ýygyndy 17-nji Ýewropa çempionatyna gatnaşmak üçin özara göreşerler.

Her toparçadan 2 ýygyndy final tapgyryna çykar. Ýeri eýeleri bilen bir bilelikde, jemi 24 ýygyndynyň gatnaşjak çempionatynyň galan 3 ýygyndysy 2024-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek pleý-off oýunlaryndan soň kesgitlener.

1-nji torba:

Niderlandlar, Horwatiýa, Ispaniýa, Italiýa, Daniýa, Portugaliýa, Belgiýa, Wengriýa, Şweýsariýa, Polşa

2-nji torba:

Fransiýa, Awstriýa, Çehiýa, Angliýa, Uels, Ysraýyl, Bosniýa we Gersegowina, Serbiýa, Şotlandiýa, Finlýandiýa

3-nji torba:

Ukraina, Albaniýa, Norwegiýa, Sloweniýa, Irlandiýa, Islandiýa, Garadag, Rumniýa, Şwesiýa, Ermenistan

4-nji torba:

Gruziýa, Gresiýa, Türkiýe, Gazagystan, Lýuksemburg, Azerbaýjan, Kosowa, Bolgariýa, Farer adalary, Demirgazyk Makedoniýa

5-nji torba:

Slowakiýa, Demirgazyk Irlandiýa, Kipr, Belarus, Litwa, Gibraltar, Estoniýa, Latwiýa, Moldowa, Malta

6-njy torba:

Andorra, San Marino, Lihtenşteýn

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy
Milletler Ligasynda ýokary liga çykanlar, aşaky liga düşenler