Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi

Futbol boýunça 2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatynda saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.Bijä 53 ýygyndy gatnaşyp, olar 10 toparçada çykyş ederler.Toparçalaryň 7-sinde 5, 3-sinde 6 ýygyndy özara güýç synanyşarlar.

Toparçalarynda 1-2-nji ýerleri eýelän toparlar EURO 2024-e gatnaşmaga hukuk gazanarlar.Germaniýanyň ýygyndysy ýer eýesi hökmünde saýlama tapgyryna gatnaşmaz.Galan 3 ýygyndy bolsa UEFA Milletler Ligasyndaky netijelere görä kesgitlenip, 2024-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek pleý-off tapgyryndan soň belli bolar.

Saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 23-nji martynda başlap, 21-nji noýabrynda-da tamamlanar.

Bijeler barada aýdylanda, Niderlandlar bilen Fransiýanyň ýygyndylary bir toparça düşdi. Soňky çempion Italiýa bilen wise-çempion Angliýanyň ýygyndylary C toparçada çykyş ederler.

EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleri:

“A”: Ispaniýa, Şotlandiýa, Norwegiýa, Gruziýa, Kipr

“B”: Niderlandlar, Fransiýa, Irlandiýa, Gresiýa, Gibraltar

“C”: Italiýa, Angliýa, Ukraina, Demirgazyk Makedoniýa, Malta

“D”: Horwatiýa, Uels, Ermenistan, Türkiýe, Latwiýa

“E”: Polşa, Çehiýa, Albaniýa, Farer adalary, Moldowa

“F”: Belgiýa, Awstriýa, Şwesiýa, Azerbaýjan, Estoniýa

“G”: Wengriýa, Serbiýa, Garadag, Bolgariýa, Litwa

“H”: Daniýa, Finlýandiýa, Sloweniýa, Gazagystan, Demirgazyk Irlandiýa, San Marino

“I”: Şweýsariýa, Ysraýyl, Rumyniýa, Kosowo, Belarus, Andorra

“J”: Portugaliýa, Bosniýa we Gersegowina, Islandiýa, Lýuksemburg, Slowakiýa, Lihtenşteýn

Ýene degişli makalalar

Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER