“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyrynyň jogap duşuşyklary oýnaldy. Oýnalan duşuşyklarda faworitleriň köpüsi ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy. Tapgyryň garaşylmadyk netijesi Wengriýada hasaba alyndy.

Myhmançylykda Farer adalarynyň wekili “KI Klakswik” bilen golsuz deňme-deň oýnan Wengriýanyň çempiony, Stanislaw Çerçesowyň tälim berýän “Ferenswaroş” topary öz meýdançasynda garaşylmadyk ýerden 3-0 hasabynda asgyn geldi.

Farer adalarynyň wekiline ýeňiş getiren gollaryň 3-si hem 1-nji ýarymda geçirilip, olary Frederiksberg (8 p, 32) bilen Kassi (45+1) derwezä girizdi.Bu ýeňlişden soň klub tarapyndan Çerçesowyň wezipesinden boşadylandygy habar berildi.

Rumyniýada “Farul Konstansadan” 1-0 utulan “Şerif” öz meýdançasynda goşmaça wagtda 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Dinamo Tbilisini” myhmançylykda Beýsebekow hem-de Darboeniň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen “Astana” 2-nji saýlama tapgyryna çykdy.

Gazagystandaky oýun deňlikde tamamlanypdy.Kosowoda “Ballkaniden” 2-0 utulan bolgarlaryň “Ludogores Razgrad” topary öz meýdançasynda jogapsyz 4 gol geçirip, 2-nji saýlama tapgyrynda oýnama ygtyýar aldy.

2-nji saýlama tapgyrynda Türkiýäniň “Galatasaraý” topary Litwanyň “Žalgiris” kluby, Daniýanyň “Kopengagen” topary-da Islandiýanyň “Breidablik” kluby bilen duşuşar. 1-nji saýlama tapgyrynda Tbilisiniň “Dinamosyny” ýeňen “Astana” 2-nji saýlama tapgyrynda başga bir ýurduň “Dinamo” topary bilen Horwatiýanyň “Dinamo Zagreb” kluby bilen güýç synanyşar. 2-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 25-26-njy iýulda hem-de 1-2-nji awgustda oýnalar.

1-nji saýlama tapgyryň jogap duşuşyklarynyň netijeleri:

“Nýu-Seýnts” (Uels) “BK Haken” (Şwesiýa): 0-2 (1-3),

“Ludogores Razgrad” (Bolgariýa) “Ballkani” (Kosowo): 4-0 (0-2),

“Breidablik” (Islandiýa) “Şamrok Rowers” (Irlandiýa): 2-1 (1-0),

“Struga” (D. Makedoniýa) “Žalgiris” (Litwa): 1-2 (0-0),

“Ferenswaroş” (Wengriýa) “KI Klakswik” (Farer adalary): 0-3, (0-0),

“Walmiera” (Latwiýa) “Olimpiýa Lýublýana” (Sloweniýa): 1-2 (1-2),

“Larn” (D. Irlandiýa) “HJK Helsinki” (Finlýandiýa): 2-2 g.w. (0-1),

“Garabag” (Azerbaýjan) “Linkoln Red Imps” (Gibraltar): 4-0 (2-1),

“Flora” (Estoniýa) “Rakuw Çenstohowa” (Polşa): 0-3 (0-1),

“Swift Hesperanž” (Lýuksemburg) “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa): 0-2 (1-1),

“Şerif” (Moldowa) “Farul Konstansa” (Rumyniýa): 3-0 g.w. (0-1),

“Makkabi Haýfa” (Ysraýyl) “Hamrun Spartans” (Malta): 2-1 (4-0),

“Zrýinski Mostar” (Bosniýa) “Urartu” (Ermenistan): 2-3, g.w., 4-3 p (0-1),

“BATE Borisow” (Belarus) “Partizani” (Albaniýa): 2-0, (1-1)

“Dinamo Tbilisi” (Gruziýa) “Astana” (Gazagystan): 1-2 (1-1)

2-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary:

“Žalgiris” (Litwa) “Galatasaraý” (Türkiýe),

“Ludogores Razgrad” (Bolgariýa) “Olimpiýa Lýublýana” (Sloweniýa),

“Rakuw Çenstohowa” (Polşa) “Garabag” (Azerbaýjan),

“KI Klakswik” (Farer adalary)- “BK Haken” (Şwesiýa),

“HJK Helsinki” (Finlýandiýa) “Molde” (Norwegiýa),

“Breidablik” (Islandiýa) Kopengagen” (Daniýa),

“Şerif” (Moldowa) “Makkabi Haýfa” (Ysraýyl) ,

“Aris Limassol” (Kipr) “BATE Borisow” (Belarus),

“Zrýinski Mostar” (Bosniýa) “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa),

“Dinamo Zagreb” (Horwatiýa) – “Astana” (Gazagystan),

“Dnepr 1” (Ukraina) “Panatinaikos” (Gresiýa),

“Serwette” (Şweýsariýa) “Genk” (Belgiýa)

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada
“Aris” BATE-ni derbi-dagyn etdi