Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)

Dünýäde millionlarça muşdagy özüne bendi edýän futbol oýnunyň taryhy 200 ýyla golaýlap barýar. Ähli babatda-da soňky çärýek asyrda has-da üýtgän futbol oýnunda her ýurduň milli çempionaty, kubok ýaryşlary, şol sanda yklymlaryň hersinde azyndan 3 sany halkara bäsleşikler geçirilýär.

Her ýurduň iň uly ýaryşy bolan milli çempionatlar 19-njy asyryň ahyrlaryndan bäri geçirilip gelinýär.Taktika, maliýe, oýnaýyş stili babatda, futbola garaýşyň üýtgeýän döwründe XXI asyrda çempionlyk gazanmak käbir klublar üçin juda ýeňil bolsa, käbirleri üçin mümkin däl zada öwrüldi.

Futbolyň iň öňdebaryjy yklymy bolan Ýewropada soňky 25 ýylda, ýagny soňky çärýek asyrda näçe topar, şol sanda, haýsy toparlar çempionlyk gazandy?Tutuş yklymy hasaba alanyňda, diňe 2 klubuň gezekleşip ýa-da wagtal-wagtal 1 klubuň yzygiderlilikde çempionlyk gazanan ligalarynyň bolşy ýaly, milleniumdan soň 7-8, hatda 10 toparyň çempionlyk gazanan çempionatlary hem bar.

Umumylykda, soňky 25 ýylda iň köp çempionlyk gazanan topar yklymyň iň kiçi ýurtlarynyň biri hasaplanýan Gibraltaryň “Linkoln Red Imps” topary bolup, olar 25 ýylda 22 çempionlyk gazanýar.Moldowanyň “Şerif” topary soňky 2 ýylda başga klublardan yzda galsa-da 25 möwsümiň 21-inde çempion bolýar. “Olimpiakos”, “Seltik”, “Dinamo Zagreb” 19 hem-de “Bawariýa” 18 gezek çempionlyga ýetýär.

Mançester we London şäherleri

Ilki bilen öňdebaryjy 5 ýurda seredenimizde, Angliýanyň Premier Ligasynda soňky 25 möwsümde çempionlyk gazanan toparlaryň sany 6-a deňdir. Şol 25 çempionlygyň 15-sini Mançester şäheriniň wekilleri paýlaşyp, Ýunaýted 8, Siti 7 gezek birinjiligi eýeledi.

Mançester Siti iňlis futbolynyň taryhynda yzly-yzyna 4 çempionlyk gazanan ilkinji klub boldy.Galan 10 çempionlygyň 5-si Çelsi toparyna degişli bolsa, häzirki ýeňiji Liwerpul bilen soňky gezek 23 ýyl öň birinjiligi eýelän Arsenalyň 2 çempionlygy bar. Ýene bir çempionlyk bolsa taryhy ýeňiş gazanan Lester Siti klubuna degişlidir.

Barselona ýa-da Real, belki Atletiko

Iki klubuň özara bäsleşigine öwrülen Ispaniýanyň çempionaty La Ligada soňky 25 möwsümde diňe 4 topara çempion bolmak başartdy. Çempionlygyň 21-si Barselona bilen Real Madride degişli bolup, katalonlar 12, madridliler 9 gezek ýeňiş gazandy. Täze asyryň ilkinji ýyllarynda 2 çempionlyk gazanan Walensiýanyň hataryna Atletiko hem 2 çempionlyk bilen öz goşandyny goşýar.

Ýuwentusdan soň Inter bar

Italiýanyň çempionaty Serie A-da täze asyryň ilkinji möwsüminde paýtagtyň Roma topary çempionlyk gazanan hem bolsa, soňlugy bilen Ýuwentus jylawy ele alýar. Ýuwentusyň şol döwürde 1 çempionlygy elinden alnyp, aşaky liga düşürilse-de, 9-sy yzly-yzyna jemi 11 gezek çempionlyk gazanýar. 5 möwsümden bäri çempionlygyň daşynda galýan Ýuwentusa iň golaýlan topar Interdir.

Umumy çempionlyklarynyň sany boýunça şäherdeşi hem bäsdeşi Milandan öňe geçen Inter 5-si yzly-yzyna jemi 7 gezek çempion diýen ady eýeleýär.Umumylykda, Serie A-da soňky 25 ýylda 5 topar çempion bolup, ýokarda ady agzalan 3 kluba Milan (3) bilen ençeme ýyldan soň Skudettony eýelän Napoli (2) toparlary-da goşulýar.

Bawariýanyň Bundesligasy

Bawariýa toparynyň şahsy çempionatyna öwrülen Germaniýanyň Bundesligasynda münhenliler soňky 13 ýylda 12 çempionlyk gazansa-da, bu ligada täze asyrda 6 kluba möwsümi çür depede tamamlamak miýesser edýär. 25 möwsümiň 18-sinde çempionlyk Bawariýa toparyna degişli bolup, Dortmundyň Borussiýasy 3 gezek ara goşulmagy başarýar.

Werder, Ştutgart, Wolfsburg ýaly ilkinji 10 ýyllykda taryhy çempionlyklar gazanan 3 toparyň hataryna 2024-nji ýylda Lewerkuzeniň Baýeri hem adyny ýazdyrýar.

Ilki Lion, soňra PSŽ

Soňky ýyllarda PSŽ-niň agdyklyk edýän çempionatyna öwrülen Fransiýanyň Ligue 1-i yklymyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň arasynda iň köp kluby çempionlyk gazanan ýurt bolýar. 8 klubuň çempionlyk gazanan çempionatynda 2000-nji ýyllaryň başynda Lion topary bassyr 7 gezek ýeňiş gazanyp, TOP 5 çempionatda yzly-yzyna şeýle başarnyk görkezen ilkinji topar hökmünde hasaba alynýar.

Katarlylaryň satyn almagyndan soň çempionlygy 2 gezek başga toparlara aldyran PSŽ 11 gezek Ligue 1-i iň ýokarky orunda tamamlaýar.Lill 2, Nant, häzirki wagtda aşaky ligalarda bolan Bordo, geçen möwsüm 2-nji liga düşen Monpelie, şeýle-de Marsel bilen Monako toparlary-da 1 gezek çempionlyk gazanýar.

Diňe 2 klub bar ýaly …

Beýleki çempionatlara seredenimizde, soňky 25 ýylda iň az kluby çempionlyk gazanan 3 sany ýurt öňe saýlanýar. Şotlandiýadyr Ukrainada hem-de Serbiýada çärýek asyrda diňe 2 kluba çempionlyk gazanmak başardýar. Şotlandiýada Glazgo şäheriniň 2 meşhur topary Reýnjers bilen Seltigiň bilelikde gazanan çempionlyklary umumylykda 110-a deňdir. Ýagny hersiniň 55 çempionlygy bolup, Seltik şolaryň 19-syny soňky 25 ýylda gazanyp, Reýnjersiň yzyndan ýetýär. 2010-njy ýyldan soň 4 möwsümi maliýe ýetmezçiligi sebäpli aşaky ligalarda geçirmeli bolan Reýnjers topary milleniumdan soň 6 gezek çempion adyny alýar.

Ukrainanyň çempionatynda-da diňe 2 klub bar diýsek öte geçdigimiz bolmaz Doneskiň Şahtýory hem-de Kiýewiň Dinamosy. Çärýek asyrda Şahtýor dürli ýyllarda yzly-yzyna 3, 4 hatda 5 gezek çempion bolýar we olaryň 16 çempionlygy bar. Diňe 2 gezek çempionlygyny goramagy başaran Dinamo bolsa galan 9 möwsümde çempionaty 1-nji orunda tamamlaýar.

Çempionlygyň diňe 2 toparyň arasynda gezekleşip paýlaşylýan ýene bir çempionaty hem Serbiýanyň Super Ligasydyr.Bu çempionatda diňe paýtagt Belgradyň Srwena Zwezda ýa-da Partizan topary çempion bolýar. 2007-2013-nji ýyllar aralygynda bassyr 6 gezek çempion bolan Partizan soňky 8 möwsümden bäri çempionlygy gadymy bäsdeşi Srwena Zwezda toparyna aldyryp gelýär.

Umuman, soňky çärýek asyrda Srwena Zwezda 14, Partizan 11 gezek çempionlyk gazanýar.Umumylykda öňki-soňky döwürleri hasaplanyňda, Srwena Zwezdanyň 36, Partizanyň 27 çempionlygy bar.

4 ýa-da 5 klub

Portugaliýada soňky 25 ýylda 4 topar çempion bolýar.Porto 12, Benfika 8, soňky 5 ýylda 3 gezek ýeňiji bolan Sporting 4 çempionlyk gazanýar.Bu 3 läheňiň hataryna milleniumyň ilkinji möwsüminde, ýagny 2001-nji ýylda Boawişta toparyna hem girmek başardýar.

Umuman alanyňda hem Portugaliýanyň çempionatynyň taryhynda şu wagta çenli diňe 5 klub çempionlyk gazanýar. Ýokarda ady agzalan 4 topardan başga Belenenseş topary 1945/46 möwsüminde çempion bolupdy.

Niderlandlaryň çempionaty Eredivisie-de hem çempion bolan klublaryň sany o diýen köp däl.Esasy 2 klubuň bäsdeşlik edýän çempionatynda soňky çärýek asyrda 5 klub çempion bolýar. 24 çempionlygyň 11-si PSW toparyna degişli bolsa, 9-sy Aýaks toparynyň paýyna düşýär.

Pandemiýa sebäpli 2019/20 möwsümi ýatyrylan çempionatda ýurduň iň uly 3-nji kluby Feýenoord soňky 25 ýylda 2 gezek çempion bolýar.AZ bilen Twente toparlary-da ilkinji 10 ýyllygyň soňky 2 möwsüminde 1 gezek şol arzyly sepgite ýetmegi başarýar.

Russiýanyň çempionatynda soňky ýyllarda Zenit toparynyň hökmürowanlygy bar hem bolsa, Moskwa şäheriniň wekilleri esasy bäsdeşini hemişe biynjalyk edip durýarlar. Soňky 25 ýylda Zenit 10, SSKA 6, Lokomotiw 3, Rubin bilen Spartak 2 hem-de taryhynda ilkinji gezek Krasnodar topary 1 gezek çempionlyk kubogyny asmana göterýär.

Esasy 4 klubuň ýaryşy hasaplanýan Türkiýäniň çempionatynda-da soňky 25 ýylda uly täzelikler bolýar.Ilkinji gezek 4 uly topardan başga klublar hem çempionlyk gazanýar.Soňky çärýek asyrda Galatasaraý 11, 2014-nji ýyldan bäri ýeňiş gazanyp görmedik Fenerbahçe 6, Beşiktaş 5, Trabzonspor, şol sanda ilkinji çempionlyklaryny baýram eden Bursaspor bilen Istanbul Başakşehir toparlary-da 1 gezek altyn medalyň eýesi bolýar.

Çehiýada paýtagt Praganyň Sparta (8) hem-de Slawiýa (7) klublarynyň çempionlyklarynyň arasyna Plzen şäheriniň Wiktoriýa topary 6, Liberes şäheriniň wekili Slowan 3, Ostrawanyň Banik topary-da 1 gezek goşulmagy başarýar. Mahlasy, soňky çärýek asyr 5 topar çempionlyklary özara paýlaşýar.

Esasan 2, soňky ýyllarda bolsa diňe 1 klubuň çempionatyna öwrülen Gresiýada Olimpiakosyň hökmürowanlygy mese-mälim duýulýar. Çempionatyň taryhynda 46 gezek çempionlyk gazanan pireýliler şolaryň 19-syna soňky 25 ýylda ýetýär. Olimpiakosyň şol 19 çempionlygynyň arasynda Panatinaikos, AEK bilenem PAOK toparlary 2 gezek goşulyp, ýurduň iň uly klubunyň has-da ulalmagyna päsgel berýärler.

Awstriýada soňky 25 ýylda jemi 14 (2014-2023-nji ýyllar aralygynda bassyr 10) gezek çempionlyk gazanan Red Bull Salsburg öňdeligi eýeleýän hem bolsa, beýleki şäherleriň wekilleri-de ara goşulyp, deň agramlylygy saklaýar.

Awstriýanyň Bundesligasynda degişli döwürde 6 klub çempionlyk gazanýar. Şturm (Gras) bilen Austria (Wena) 3, Tirol (Innsbruk) bilen Rapid (Wena) hem-de Grazer AK (Gras) 1 gezek çempion bolýar.Awstriýanyň goňşusy Şweýsariýanyň Swiss Super Ligasynda 2000-nji ýyldan bäri çempion bolan toparlaryň sany bir eliň barmaklarynyň sanyna hem ýetenok 2000-nji ýyllaryň 2-nji onlugyna yzly-yzyna 8 çempionlyk sygdyran Bazel 13, soňky ýyllarda tijenip başlan Ýang Boýz 6, wagtal-wagtal ara goşulýan Sürih 4 hem-de täze asyryň başlarynda Grashopper 2 gezek çempion adyny alýar.

Horwatiýanyň çempionaty Hrvatska nogometna ligada paýtagt Zagrebiň Dinamo topary soňky 20 ýylda tasdanam 20 çempionlyk gazanýardy.Bassyr 11 çempionlykdan soň 2017-nji ýylda hem-de ýene yzly-yzyna 7 çempionlykdan soň şu möwsüm Riýeka topary onuň yzygiderlilikde 20 çempionlyk gazanmagyna päsgel berýär. 2000-nji ýyllaryň başynda Haýduk Split 3, şol sanda NK Zagreb topary-da 1 gezek çempion bolýar.

Belgiýanyň çempionatynda soňky 25 ýylda 7 klub çempion diýen derejäniň eýesi bolýar. Çempionlyk ugrunda esasy göreş Anderleht bilen Klub Brýugge toparlarynyň arasynda geçip, olaryň birinjisi 9, ikinjisi 8 gezek ýeňiş gazanýar. Soňky çärýek asyrda Genk 3, Standard Liež 2, Gent, Antwerpen hem-de 90 ýyldan soň Ýunion Sent-Žilluaz toparlary 1 gezek çempion bolýar.

Polşanyň çempionaty Ekstraklasa-da Warşawa bilen Krakow şäherleriniň wekilleri Legiýa hem-de Wisla çempionlyk sany babatda öňde barýar.Legiýanyň 9, Wislanyň 7 çempionlygy bolup, Leh Poznan topary-da 4 gezek çempion bolýar.

Jemi 8 klubuň çempionlyk gazanan çempionatynda soňky 6 ýylda 3 sany täze çempion ýüze çykýar. Ýokarda ady agzalan 3 klubuň hataryna Şlask (Wroslaw), Zaglembýe (Lunin), Pýast (Gliwise), Rakuw (Çenstohowa) hem-de Ýagelloniýa (Belostok) toparlary 1 gezek çempionlykdan paý alýarlar.

Wengriýanyň çempionaty Nemzeti Bajnoksag I-de soňky 25 ýylda Ferenswaroşyň 10, Debreseni toparynyň 7, Feherwar toparynyň 3, MTK toparynyň 2, Zalaegerseg, Gýor, Honwed toparlarynyň hem 1 çempionlygy bar.Rumyniýanyň çempionaty Superligada soňky çärýek asyrda 9 çempion çykýar.

Ozalky ady Stýaua bolan paýtagt Buharestiň FKSB topary 8, Kluž şäheriniň wekili KFR Kluž topary-da şonça gezek çempion bolýar.Paýtagtyň Dinamo topary täze asyryň başlarynda 3 çempionlyk gazanýar.

Astra Jurju, Wiitorul Konstansa (soň Farul Konstansa bilen birleşýär), Oselul Galasi, Rapid Buharest, Unirea Urziçeni, Farul Konstansa toparlary 1 gezek çempion bolýar.Bolgariýada soňky 14 ýyldan bäri Razgrad şäheriniň Ludogores topar çempionlygy hiç bir topara aldyrman gelýär.

Ondan öňki 11 ýylda bolsa paýtagt Sofiýanyň Lewski we SSKA toparlary degişlilikde, 5 hem-de 3, şol sanda Liteks 2, Plowdiw şäheriniň Lokomotiwi hem 1 sapar çempionlyk gazanýar.

Iň köp klubuň çempion bolan ýurdy

Soňky 25 ýylda iň köp klubuň çempionlyk gazanan ýurdy Şwesiýanyň çempionaty Allsvenskan ligasydyr. Ýaňy-ýakynda täze çempionyň peýda bolan çempionatynda soňky çärýek asyrda 11 klub çempionlyk gazanýar. 25 çempionlygyň 10-sy Malmö toparyna degişli bolsa-da, Ýurgorden 4, AIK bilen Elfsborg 2 gezek çempionlyk derejesine ýetýär. 7 klub soňky çärýek asyrda 1 gezek çempion bolup, olaryň 4-si ilkinji sapar çempionlygyny baýram edýär (Nörrkoping, Gýoteborg, Hammarbi, BK Haken, Kalmar, Mýallbýu).

Şwesiýanyň goňşusy Norwegiýanyň çempionaty Eliteserien-de Rosenbirg köpüsi 2000-nji ýyllaryň başlarynda jemi 11 gezek çempion bolýar.Molde 5, soňky ýyllarda öňe saýlanýan Bude-Glimt 4 gezek ýeňiş gazanýar.

Walerenga, Brann, Stabek, Stromsgodset klublary-da 1 gezek çempion bolýar.Finlýandiýanyň çempionaty Veikkausliiga-da paýtagt Helsinkiniň HIK topary 25 çempionlygyň 15-sini gazanýar.Soňky 2 ýylyň ýeňijisi KuPS, şol sanda TamU 3, şeýle-de Haka, MyPa, Inter Turku, SJK, IFK toparlary-da 1 gezek çempion adyny alýar.

Daniýanyň çempionaty Superligada paýtagtyň adybir Kopengagen topary soňky 25 çempionlygyň 15-sini gazanýar.Midtýullann 4, Brondbýu 3, AaB 2, Norşellann 1 gezek çempionaty iň ýokarky orunda tamamlaýar.

Gruziýanyň çempionaty-da Şwesiýadan soň milleniumdan bäri iň köp çempion çykaran ligadyr.Erovnuli Liga diýlip atlandyrylýan çempionatda 10 klub çempionlyk gazanyp, paýtagt Tbilisiniň meşhur Dinamo topary 9 gezek çempion bolýar.

Torpeda Kutaisi 3, Dinamo Batumi, Iberiýa 1999, Zestaponi, WIT Jorjia Tbilisi, Olimpi Rustawi 2, Dila Gori, Sioni Bolnisi, Samtrediýa toparlary-da 1 gezek çempion bolmagy başarýar.Moldowada Tiraspol şäheriniň Şeriff topary 25 möwsümiň 21-sinde çempionlyk gazanyp, uly başarnyk görkezýär.

Milsami Orhei 2, Petrokub Hynçeşti bilen Daçia toparlary-da 1 gezek çempion bolýar.Azerbaýjanda Garabagyň öňdebaryjylygy dowam edip, olar soňky 12 ýylda 11 gezek ýeňiş gazanýar.Neftçiniň 6, Baku we Şamahi toparlarynyň 2, Hazar hem-de Şamkir klublarynyň hem 1 çempionlygy bar.

Belarusda gazanan 15 çempionlygynyň 14-sini soňky 25 ýylda, onuňam 13-sini yzly-yzyna gazanan BATE Borisow bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar.Minskiň Dinamo toparynyň, şol sanda Şahtýor Soligorsk toparynyň 3, Gomel, Belşina Bebruisk, Dinamo Brest toparlarynyň hem 1 çempionlygy bar.

Latwiýada Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda yzly-yzyna 14 çempionlyk gazanan Skonto topary soňky 25 ýylda 5 gezek ýeňiji bolýar.Soňky 15 ýylda 1 gezek hem çempion bolup bilmedik Skontonyň ornuna dürli klublar ýeňiş gazanyp gelýär. Ýurtda soňky 25 ýylda jemi 8 topar çempionlyk gazanýar.

Litwada Žalgiris bilen Kaunas hem-de Ekranas toparlarynyň arasynda ýiti göreş bolup, olaryň soňky 25 ýylda degişlilikde, 8, 6 we 6 çempionlygy bar.Estoniýada Flora taryhynda gazanan 16 çempionlygynyň 11-sini soňky çärýek asyrda gazanýar.

FKI Lewadiýa soňky 25 ýylda 8 gezek çempion bolýar.Gazagystanda Astana 7, Aktobe 5, Kairat 4 gezek çempionlyk kubogyny asmana göterýär.Ermenistanda Pýunik topary çärýek asyrda 13 gezek çempion bolup, garşydaşlaryndan ep-esli öňe saýlanýar.

Sloweniýa bilen Slowakiýanyň çempionatlarynyň hersinde hem 7 klub çempionlyk gazanýar.Sloweniýada Maribor 12, Slowakiýada Slowan Bratislawa 11 gezek çempion bolýar.Kiprde APOEL 13 çempionlyk bilen öňde barýar.

Uelsiň çempionatynda Nýu-Seýnts topary 2000-nji ýyldan soň 14 çempionlyk gazanýar. Şolaryň 12-sini soňky 14 ýylda gazanan Nýu-Seýnts toparyndan soň Berri Tawnyň 3, Konnor Kuaý Nomadsyň, Rylyň 2, Llanelliniň, Bangor Sitiniň 1 çempionlygy bar.

Iň köp çempionlyk gazanan topar

Futbolyň kiçi ýurtlaryndan Gibraltaryň çempionatynda soňky 25 ýylda diňe 3 klub çempionlyk gazanýar. Şol 25 çempionlygyň 22-si Linkoln Red Imps toparyna degişlidir.Linkol Red Imps 2003-2016-njy ýyllar aralygynda yzly-yzyna 14 çempionlyk gazanyp, Skontanyň rekordyny gaýtalaýar.

Soň-soňlar bu rekorda Bolgariýanyň Ludogores topary hem şärik bolýar.Gibraltarda Gibrarltar Ýunaýted hem-de Europa toparlary-da 1 gezek çempionlyk gazanýar.Pandemiýa sebäpli çempionat 2019/20 möwsüminde geçirilmeýär. Şeýle-de, soňky 25 ýylda Irlandiýada Şamrok Rowers 6, Demirgazyk Irlandiýada Linfild 14, Islandiýada FH 8, Farer adalarynda HB 9, Lýuksemburgda F91 Dudelanž 17, Andorrada Santa Kolombo 12, Maltada Walletta 8, Albaniýada Şkýondiýa bilen Tirana 7, D.

Makedoniýada Wardar 8, Bosniýa we Gersegowinada Zrýinski Mostar 8 gezek çempionlyga mynasyp bolýar.

Gazetiň sport synçysy.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
UEFA-nyň täze ýaryşynyň bijeleri çekildi
Tottenhem, Roma, Kaýrat… UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň bijesi çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy