Tottenhem, Roma, Kaýrat… UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň bijesi çekildi

Tottenhem, Roma, Kaýrat… UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň bijesi çekildi

27-nji awgustda UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň 2021/22 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Bije çekilmezden öň, 32 klub möwsümiň başyna çenli klublaýyn koeffisentlerine we UEFA-nyň klublaýyn ýaryşlar boýunça Komitetiniň ýörelgelerine laýyklykda, 8-den dört sebede paýlandy. Bir assosiasiýanyň klublary, şeýle hem Ermenistanyň we Azerbaýjanyň klublary bir topara düşürilmedi.

Belläp geçsek, şu ýyl ýaryşa ilkinji gezek gazaklaryň Kaýrat kluby gatnaşýar. Ýakynda oňa Gurban Berdiýew tälimçi bellendi. Türkmen hünärmeniniň kluby üçünji sebede düşdi we H toparda Şweýsariýanyň Bazel, Azerbaýjanyň Karabah we Kipriň Omoniýa klublary bilen duşuşar.

Toparlar şulardan ybarat:

A topar: LASK (Awstriýa), Makkabi Tel-Awiw (Ysraýyl), Alaşkert (Ermenistan), HIK (Finlýandiýa).B topar: Gent (Belgiýa), Partizan (Serbiýa), Flora (Estoniýa), Anortosis (Kipr).C topar: Roma (Italiýa), Zarýa (Ukraina), SSKA Sofiýa (Bolgariýa), Budö-Glimt (Norwegiýa).

D topar: AZ (Niderlandlar), ÇFR Kluž (Rumyniýa), Ýablones (Çehiýa), Ranners (Daniýa).E topar: Slawiýa Praga (Çehiýa), Feýenoord (Niderlandlar), Union Berlin (Germaniýa), Makkabi Haýfa (Ysraýyl).F topar: Kopengagen (Daniýa), PAOK (Gresiýa), Slowan (Slowakiýa), Linkoln (Gibraltar).

G topar: Tottenhem (Angliýa), Renn (Fransiýa), Witess (Niderlandlar), Mura (Sloweniýa).H topar: Bazel (Şweýsariýa), Karabah (Azerbaýjan), Kaýrat (Gazagystan), Omoniýa (Kipr).

Toparlaýyn tapgyryň duşuşyklary 16-njy sentýabrdan 9-njy dekabrda penşenbe günleri — Ýewropa ligasynyň duşuşyklarynyň geçirilýän günleri geçiriler.

Konferensiýalar ligasynyň 8 toparynyň ýeňijileri gönüden-göni 1/8 finala çykýarlar. Ikinji orny eýelänler Ýewropa ligasynyň toparlarynda üçünji orny eýelän klublar bilen duşuşyp, 1/8 finala galan 8 petek ugrunda ýaryşarlar.

Ýaryşyň finaly 2022-nji ýylyň 25-nji maýynda Albaniýanyň paýtagty Tiranadaky Nasional Arena stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

UEFA-nyň täze ýaryşynyň bijeleri çekildi
Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi
Özbegistan Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýük daşamalaryny gaýtadan dikeltdi, Aşgabatda Rus diliniň güni bellenildi, Gurban Berdiýew Kaýratyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi we beýleki habarlar
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Traktor Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňşini gazandy
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy