Gazagystanyň Naýbaşy kubok duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçiriler

Gazagystanyň Naýbaşy kubok duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçiriler

Gazagystanyň Professional futbol ligasy ýurduň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçirjekdigini habar berdi.

Duşuşyk ýurduň çempiony ― Kostana şäheriniň Toboly bilen Kubogyň eýesi ― Almatynyň Kaýratynyň arasynda geçiriler. Duşuşyk 2-nji mart güni Astana-Arena stadionynda bolar. Oňa 30 müň tomaşaçy ýerleşýär.

Duşuşygyň başlanjak wagty barada biraz soňrak maglumat berler. Kaýrata türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälim berýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

5-nji martda Gazagystanyň futbol çempionatyna badalga berler
Kaýrat Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy
Gurban Berdiýewiň Kaýraty Gazagystanyň çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen girişdi