Gazagystanyň futbol çempionatynda geçen ýyl bürünç medala mynasyp bolan Kaýrat täze möwsümiň ilkinji duşuşygyny Aktobe bilen geçirdi. Kaýratyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda pökgüleriň ikisini hem gwineýaly futbolçy Hose Kante geçirdi.
Kaýrat çempionatda indiki duşuşygyny 11-nji martda Türküstanyň Maktaarala topary bilen geçirer.
Kaýrata geçen ýylyň awgust aýyndan bäri türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälim berip gelýändigini ýatladýarys.
