5-nji martda Gazagystanyň futbol çempionatyna badalga berler

5-nji martda Gazagystanyň futbol çempionatyna badalga berler

Mart aýynda Gazagystanda täze futbol möwsümine badalga berler. 5-nji martda ýurduň milli çempionaty başlanar diýip, Sports.ru ýazýar.

Möwsüm 1-nji mart güni ýurduň çempiony Tobol bilen Futbol kubogynyň eýesi Kaýratyň arasynda boljak Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlar. Diýmek, türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew üçin möwsüm baharyň ilkinji gününde başlaýar.

Gazagystanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynyň duşşuyklary 5-nji we 6-njy martda oýnalar. 26 tapgyrdan ybarat boljak çempionaty 6-njy noýabrda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Gazagystanyň kubogy ugrundaky ýaryşa bolsa 8-nji iýulda badalga berler.

Goňşy döwletdäki futbol möwsüminiň doly senenamasy bilen şu salgydan tanyş bolup bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew “Kaýratyň” tälimçiligini taşlady
Gazagystanyň Naýbaşy kubok duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçiriler
Kaýrat Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy