Gurban Berdiýew “Kaýratyň” tälimçiligini taşlady

Türkmenistanly meşhur tälimçi Gurban Berdiýew gazak klub “Kaýratdaky” tälimçilik wezipesini taşlady. “Sports.kz” saýtynyň habar bermegine görä, Berdiýew bilen klubuň ýolbaşçylarynyň özara ylalaşygynyň netijesinde, hereket edýän şertnama ýatyryldy. 12 oýunda 16 utuk bilen 8-nji basgançakda barýan “Kaýrat” soňky tapgyrda Şahtýordan 2-0 üstün çykypdy.

Geçen ýylyň maý aýynda “Kaýrat” toparynda maslahatçy bolup wezipä başlan Berdiýew awgust aýynda-da toparyň baş tälimçiligine bellenipdi. “Kaýrat” 69 ýaşyndaky tälimçiniň ýolbaşçylygynda çempionaty 2-nji orunda tamamlap, taryhynda ilkinji sapar Ýewrokuboklaryň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş edipdi (Ýewropa Konferensiýa Ligasy).

Topar onuň tälimçiliginde Gazagystanyň Kubogyny hem gazanypdy. Ähli kömekçilerini hem alyp gaýdan Berdiýewiň ornuna ýerli tälimçi Kirill Kekeriň wezipä bellenendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

5-nji martda Gazagystanyň futbol çempionatyna badalga berler
Gazagystanyň Naýbaşy kubok duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçiriler
Kaýrat Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy