Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi

Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi

FourFourTwo neşiri Aşgabatdaky Köpetdag stadionyny dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizdi.

Sanaw stadionlaryň birnäçe aýratynlyklary göz öňünde tutulyp düzüldi. Olaryň arasynda stadionyň taryhy, janköýerlere berýän mümkinçilikleri, binagärlik gurluşy, ýerleşýän ýeriniň amatlylygy ýaly aýratynlyklar bar.

Köpetdag stadiony sanawyň 75-nji basgançagynda görkezilýär. Ol Gibraltaryň Wiktoriýa we Urugwaýyň Kentenatio stadionlary bilen goňşy ýerleşdirilipdir.

Gurluşygyna 1995-nji ýylda başlanan Köpetdag stadiony 1997-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berildi. Şol ýyllarda ol Aşgabadyň Köpetdag futbol toparynyň we Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öz meýdanyndaky duşuşyklaryny geçirýän stadionyna öwrüldi.

2015-nji ýylda durky täzelenenden soňra stadion Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda gaýtadan döredilen Köpetdag futbol toparynyň ygtyýaryna berildi. Gaýtadan dikeldilen stadionda ilkinji duşuşyk şol ýylyň 5-nji awgustynda Türkmneistanyň kubogynyň çäklerinde Köpetdag we Merw toparlarynyň arasynda geçirildi.

26 müň 805 tomaşaça niýetlenen stadionyň açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Tebigy ot düşelen stadionda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Guam, Hindistan, Oman ýaly döwletleriň ýygyndy toparlary bilen duşuşyklary geçirdi. Stadion 11 gektar meýdany eýeleýär.

Ýokarda ady agzalan sanawda ýakyn goňşularymyzdan Eýranyň Azady (19-njy orun), Azerbaýjanyň Olimpiýa stadionlary (41-nji orun) hem bar.

Sanawyň ilkinji 10-lugynda Argentinanyň Buenos-Aýres şäherindäki Bombenara, Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki Marakana, Germaniýanyň Dortmund şäherindäki Signal Iduna Park, Angliýanyň London şäherindäki Tottenhem, Argentinanyň Buenos-Aýres şäherindäki Monumental, Meksikanyň Mehiko şäherindäki Asteka, Ispaniýanyň Barselona şäherindäki Kamp Nou, Angliýanyň London şäherindäki Uembli, Şotlandiýanyň Glazgo şäherindäki Aýbroks, Italiýanyň Milan şäherindäki San-Siro stadionlaryny görýäris.

Ýene degişli makalalar

Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Hytaýyň we Russiýanyň Bombardyman Uçarlary Ýaponiýanyň Golaýynda Bilelikde Uçuş Amala Aşyrdy
Pakistanda kamikaze hüjümi guraldy
Pakistanda Mekdebiň Golaýynda Bombaly Hüjüm Guraldy
Ysraýyl Liwanyň Serhet Ýakasyny Bombalady