Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň soňky duşuşyklary 16-21-nji noýabr aralygynda geçiriler.Germaniýadaky ýerini bronladan ýygyndylaryň biri-de Fransiýanyň ýygyndysydyr.Tälimçi Didie Deşam milli ýygyndynyň düzümini mälim edip, oňa PSŽ-niň 17 ýaşly ýarymgoragçysy Worren Zair-Emerini hem çagyrdy. Ýaş oýunçy milli ýygynda ilkinji gezek çagyrylyp, ol PSŽ-niň soňky duşuşyklarynda has erjel oýun görkezipdi.

Deşamyň çagyran oýunçylarynyň arasynda Mbappe, Teo Hernandes, Grizmann, Kamawinga, Rabio ýaly ýygyndynyň esasy oýunçylary hem bar.

Fransiýanyň ýygyndysy öz toparçasynda 2 duşuşyk geçirer. Horozlar ilki 18-nji noýabrda Gibraltary kabul ederler, soňam 21-nji noýabrda myhmançylykda Gresiýa bilen duşuşarlar.

DERWEZEÇILER: Alfons Areola (West Hem), Maýk Menýan (Milan), Bris Samba (Lans);

GORAGÇYLAR: Jonatan Kloss (Marsel), Luka Hernandes (PSŽ), Teo Hernandes (Milan), Ibraima Konate (Liwerpul), Žýul Kunde (Barselona), Žan-Kler Todibo (Nissa), William Saliba (Arsenal), Daýo Upamekano (Bawariýa);

ÝARYMGORAGÇYLAR: Eduardo Kamawinga (Real Madrid), Ýussuf Fofana (Monako), Bubakar Kamara (Aston Willa), Adriýen Rabo (Ýuwentus), Worren Zair-Emeri (PSŽ);

HÜJÜMÇILER: Kingsli Koman (Bawariýa), Oliwe Žiru (Milan), Antuan Grizmann (Atletiko), Markus Turam (Inter), Randal Kolo-Muani, Usman Dembele, Kilian Mbappe (üçüsem PSŽ).

Ýene degişli makalalar

… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
Marokkolylary fransuzlar duruzdy
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR