Marokkolylary fransuzlar duruzdy

Ýarym finalyň 2-nji duşuşygynda soňky çempion Fransiýa bilen taryhynda ilkinji gezek iň gowy dörtlüge adyny ýazdyran Marokkonyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Fransiýanyň ýygyndysy 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýnuň 5-nji minutynda Teo Hernandesiň owadan urgy bilen hasaby açdy.Bu gol 1958-nji ýyldan bäri ýarym final oýunlarynda derwezä girizilen iň çalt gol boldy.Bu goldan soň Marokkonyň ýygyndysy hasaby deňlejek bolup tagalla baryny etdi. Ýöne Bufal, En-Nesiri, Ziýeş ýaly futbolçylaryň amala aşyran hüjümleri oňyn netije bermedi. 1-nji ýarymda ilki Fransiýadan Oliwie Žirunyň batly urgusy, soňra Marokkodan El Ýamigiň üstaşyr urgusy sütüne degdi. 2-nji ýaryma Marokkonyň ýygyndysy erjel başlady.

Olar birnäçe amatly pursatlar döredip, oýnuň jylawyny ellerinde sakladylar. Ýöne goly geçiren Fransiýanyň ýygyndysy boldy.Duşuşygyň 79-njy minutynda Mbappeniň 3-4 oýunçyny aldap, uran topy oýna 44 sekunt öň giren Randal Kolo Muaniniň öňüne düşdi.

Ol hem topy derwezä girizip, hasaby 2-0-a çykardy.Ol oýnan gireninden soň iň çalt gol geçiren 3-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.Galan pursatlarda-da azda-kände lapykeç bolan afrikalylar iň bolmanda bir gol geçirmek üçin göreşselerem, duşuşyk 2-0 hasabynda soňky çempiony ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Fransiýanyň ýygyndysy soňky 7 ýaryşda 4-nji gezek finala çykdy.

Fransiýanyň ýygyndysy 1998-nji ýyldan soň çempion hökmünde finala çykan ilkinji ýygyndy bolup, olar Braziliýadan soň çempionlygyny gorap biljek ilkinji topar boldy.Didie Deşam bolsa Dünýä Kubogyndaky 14-nji ýeňşini gazanyp, 2-nji orna geçdi (18 oýunda). 2 ýeňliş, 2 deňligi bolan Deşamdan öňde 16 ýeňiş bilen germaniýaly Helmut Şön 1-nji orunda barýar. Şeýle-de, Didie Deşam bassyr 2-nji gezek finala çykan 4-nji tälimçi boldy.

Ondan öň italiýaly Wittorio Pozzo (1934, 1938), argentinaly Karlos Bilardo (1986, 1990) hem-de germaniýaly Frans Bekkenbaur (1986, 1990) bar. Şolardan häzirlikçe diňe italiýaly Pozzo ikisinde-de çempionlyk gazanmak başartdy.

Ýene degişli makalalar

Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
7-nji gezek çärýek finaldan gaýtdy, çempion ýarym finalda
Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy