Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy

Katar 2022 Dünýä Kubogyna öýünden tomaşa etjek ýyldyzlaryň hataryna ýene biri goşuldy.Ozalam birnäçe oýunçysyny şikesi sebäpli Katara alyp gelmedik Fransiýanyň ýygyndysynda ýene bir ýyldyz oýunçy, hatda ýygyndynyň super ýyldyzlarynyň biri hem şikes aldy.

Kimpempe, Nkunkudan soň Fransiýanyň esasy hüjümçisi Karim Benzema hem şikesi sebäpli düzümden çykaryldy. 34 ýaşyndaky futbolçy şu möwsümde “Altyn top” baýragyny gazanypdy.Benzema “Real Madridiň” 14-nji gezek Çempionlar Ligasynyň çempiony bolmagynda-da esasy roly oýnapdy. 5 ýyldan soň 2021-nji ýylda milli ýygynda çagyrylan Karim Benzemanyň ornuna Fransiýanyň tälimçisi Didie Deşam hiç kimi çagyrmakçy däldigini aýtdy.

Tejribeli tälimçi häzirki wagtda düzümde ýeterlik hüjümçileriniň bardygyny belläp geçdi.Deşamyň esasy düzümde Benzemanyň ornuna Oliwie Žiruny ýa-da Nkunkunyň deregine çagyrylan Randal Kolo Muanini meýdança çykarmagyna garaşylýar.

Şeýlelikde, 1978-nji ýyldan soň ilkinji gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi Dünýä Kubogynda çykyş edip bilmez. Benzemadan öň 1978-nji ýylda Ýohan Kroýff öz islegi boýunça Argentinadaky çempionata gatnaşmandy.

Fransiýanyň toparçadaky ilkinji duşuşygy ertir Awstraliýanyň ýygyndysy bilen bolar.

Şeýle-de, şikesi sebäpli düzümden çykaran Senegalyň ýygyndysynyň ýyldyzy Sadio Maneniň ornuna tälimçi Aliu Sisse “Anderleht” toparynda oýnaýan 20 ýaşly Mussa N’Diaýeniň topara çagyrdy. Awstraliýanyň ýygyndysynda şikes alan hüjümçi Martin Boýleniň ornuna “Melburn Sitiniň” oýunçysy Marko Tilio düzüme çagyryldy. Marokkoda hem toparyň ýyldyzy Amine Haritiň ornuna Anass Zaruriniň düzüme goşulandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
7-nji gezek çärýek finaldan gaýtdy, çempion ýarym finalda
Marokkolylary fransuzlar duruzdy
Futbol taryhynyň iň gowy 2-3-nji simwolik ýygyndylary