Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi

Dünýä futbolyň hojaýyny FIFA ýylyň iň tapawutlananlaryny sylaglandyrjak baýraklarynyň dalaşgärlerini mälim etdi. Ýagny “The Best FIFA Football” baýraklarynyň dalaşgärleriniň sanawyny kesgitledi. FIFA futbolçydyr tälimçileriň 2021-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 2022-nji ýylyň 18-nji dekabryna çenli aralykdaky döwri hasaba alyp, ýeňijiler şoňa görä kesgitlener. Ses

Erkekdir zenanlaryň arasynda aýratynlykda iň gowy futbolçy baýragyna hersinden 14 dalaşgär sanawa alyndy. Erkekleriň arasynda Messi, Alwares, Mbappe, Neýmar, Benzema, Mane, Salah, Lewandowski, Holann, Winisius, Modriç, Hakimi, De Bruýne, Bellingam dagy dalaşgär görkezildi. Zenanlardan hem Putellas, Bonmati, Aleks Morgan, Bet Mid, Säm Kerr ýaly degişli döwürde öňe saýlanan futbolçylar dalaşgärlige hödürlendi.

Ýylyň iň owadan goluna berilýän Puşkaş baýragynyň dalaşgärleri hem mälim edildi. 7 ugur boýunça beriljek baýraklaryň dalaşgärleriniň sanawy fewraldan öň 3-e düşüriler. FIFA ähli baýraklaryň ýeňijilerini 27-nji fewralda Sürihde geçiriljek dabarada yglan eder.

Ýylyň erkek futbolçysy baýragynyň dalaşgärleri:

Hulian Alwares (Argentina Riwer Pleýt/Mançester Siti)

Jud Bellingam (Angliýa Borussiýa Dortmund)

Karim Benzema (Fransiýa Real Madrid)

Kewin De Bruýne (Belgiýa Mançester Siti)

Erling Holann (Norwegiýa Borussiýa Dortmund/Mançester Siti)

Aşraf Hakimi (Marokko PSŽ)

Robert Lewandowski (Polşa Bawariýa/Barselona)

Sadio Mane (Senegal Liwerpul/Bawariýa)

Kilian Mbappe (Fransiýa PSŽ)

Lionel Messi (Argentina PSŽ)

Luka Modriç (Horwatiýa Real Madrid)

Neymar (Braziliýa PSŽ)

Mohamed Salah (Müsür Liwerpul)

Winisius Junior (Braziliýa Real Madrid)

Ýylyň zenan futbolçysy baýragynyň dalaşgärleri:

Aitana Bonmati (Ispaniýa Barselona)

Debinia (Braziliýa Nort Karolaýna Koraj)

Jessi Fleming (Kanada Çelsi)

Ada Hegerberg (Norwegiýa Lion)

Säm Kerr (Awstraliýa Çelsi)

Bet Mid (Angliýa Arsenal)

Wiwianne Miedema (Niderlandlar Arsenal)

Aleks Morgan (ABŞ Orlando Praýd / San Diego Weýw)

Lena Oberdorf (Germaniýa Wolfsburg)

Aleksandra Popp (Germaniýa Wolfsburg)

Aleksia Putellas (Ispaniýa Barselona)

Wendi Renar (Fransiýa Lion)

Kira Wolş (Angliýa Mançester Siti / Barselona)

Lea Williamson (Angliýa Arsenal)

Ýylyň erkek tälimçisi baýragynyň dalaşgärleri:

Karlo Ançelotti (Italiýa Real Madrid)

Didie Deşam (Fransiýa Fransiýanyň milli ýygyndysy)

Pep Guardiola (Ispaniýa Mançester Siti)

Walid Regragui (Marokko Wydad / Marokkonyň milli ýygyndysy)

Lionel Skaloni (Argentina Argentinanyň milli ýygyndysy)

Ýylyň zenan tälimçisi baýragynyň dalaşgärleri:

Sonia Bompastor (Fransiýa Lion)

Emma Haýes (Angliýa Çelsi)

Bew Pristman (Angliýa Kanadanyň zenanlar milli ýygyndysy)

Pia Sandhej (Şwesiýa Braziliýanyň zenanlar milli ýygyndysy)

Martina Woss-Teklenburg (Germaniýa Germaniýanyň zenanlar milli ýygyndysy)

Sarina Wiegman (Niderlandlar Angliýanyň zenanlar milli ýygyndysy)

Ýylyň erkek derwezeçisi baýragynyň dalaşgärleri:

Alisson Beker (Braziliýa Liwerpul)

Ýassin Bunu (Marokko Sewilýa)

Tibo Kurtua (Belgiýa Real Madrid)

Ederson (Braziliýa Mançester Siti)

Emiliano Martines (Argentina Aston Willa)

Ýylyň zenan derwezeçisi baýragynyň dalaşgärleri:

Ann-Katrin Berger (Germaniýa Çelsi)

Meri Irps (Angliýa Mançester Ýunaýted)

Kristiane Endler (Çili Lion)

Merle Froms (Germaniýa Aýntraht / Wolfsburg)

Alissa Naer (ABŞ Çikago Red Stars)

Sandra Panýos Garsiýa-Wilýamil (Ispaniýa Barselona)

Ýene degişli makalalar

… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi
“Barselona”, Bilbaoda, “Real” Walensiýada büdredi
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär