“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär

Ispaniýanyň çempionatynda “Žironanyň” liderligi dowam edýär.Myhmançylykda “Raýo Wallekano” bilen duşuşan “Žirona” duşuşykda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýer eýeleri 5-nji minutda Alwaro Garsiýanyň goly bilen öňe saýlansalaram, 1-nji ýarym tamamlanmanka Artýom Dowbygyň goly bilen myhmanlar hasaby deňledi. 65-nji minutda-da Sawio toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. 2-nji ýerdäki “Real Madrid” öz meýdançasynda “Walensiýany” kabul edip, garşydaşyny 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Madridlilere ýeňiş getiren gollary Karwahal, Winisius Junior (2) hem-de Rodrigo (2) geçirdi. “Barselona” “Alawes” duşuşygynda myhmanlaryň hüjümçisi Omorodion entek oýnuň başynda, 17-nji sekuntda hasaby açsa-da, “Barselona” 7 oýundan bäri goly ýatdan çykaran hüjümçisi Robert Lewandowskiniň (53, 78 p) gollary bilen ýeňşini baýram etdi. “Atletiko Madrid” Morenanyň goly esasynda öňe geçen “Wilýarrealy” Witsel, Grizmann hem-de Linonyň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
“Real Madridde” ýene bir ýyldyz oýunçy şikes aldy
Ramosyň täsin rekordy
Ramosyň täsin rekordy
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Çempionatyň üçden bir bölegi tamamlandy, ýöne entegem ýeňşi ýok