Golaýda tälimçisini çalşan klublar

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda möwsümiň üçden biri tamamlanyp barýar. Adatça bolşy ýaly, möwsüm käbir klublar üçin şowly dowam edýän bolsa, käbirleri üçin şowsuz ýagdaýda geçýär. Garaşylmadyk öňdebaryjylaryň bolşy ýaly, garaşylmadyk ýagdaýda aşaky orunlarda ýaryşy dowam etdirýän klublar bar. Şol nukdaýnazardan käbir klublaryň ýolbaşçylary umumylykda iň aňsat işi, ýagny tälimçini çalşanyny kem görenok. Eýýäm çempionatlarda onlarça tälimçi çalşyldy.

Wilýarreala 2-nji gezek tälim berer

La Ligada öňdäki orunlara ymtylýan Wilýarreal topary tälimçi çalyşmakda öňe saýlanýar.Sary submarineler eýýäm 2-nji tälimçisi, hatda wagtlaýynça bellenen 3-nji tälimçisini ugratdylar.Möwsüme Kike Setien bilen başlan Wilýarreal sentýabr aýynda ony ugradyp, Paçetany wezipä belläpdiler. Ýöne onuňam tälimçiligi uzak dowam etmedi.

Esasan hem, çempionatdaky kanagatlanarsyz netijelerden soň geçen hepdäniň başynda wezipeden boşadylan Paçetanyň ornuna Migel Anhel Tena wagtlaýynça goýlupdy.Klubuň ýolbaşçylary Tenanyň ornuna ozalky tälimçileri — Marselino Garsiýa Toral bilen 2026-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdylar. 58 ýaşyndaky hünärmen 20132016-njy ýyllarda-da Wilýarreala tälim beripdi.

Wilýarrealdan öňem şu möwsümde La Ligada henize çenli ýeňiş gazanyp görmedik Almeriýa kluby-da tälimçisini 2 gezek çalyşdy. Şol sanda Sewilýa topary-da möwsüme başlan tälimçisi Hose Luis Mendilibary ugradyp, ýerine urugwaýly Diego Alonsony wezipä belledi.

10 ýyldan soň täzeden wezipä bellendi

Tälimçisini çalşan esasy klublaryň ýene biri hem Italiýanyň çempiony, geçen maý aýynda 33 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny baýram eden Napoli kluby boldy.Klubuň özboluşly hem-de özdiýenli ýolbaşçysy Aurelio De Laurentis çempionlyk gazandyran Luçano Spallettiniň işini taşlamagyndan soň onuň ornuna Rudi Garsiýany tälimçilige belläpdi. Ýöne fransiýaly hünärmeniň Italiýadaky 2-nji başdangeçirmesi uzak dowam etmedi.

Toparyň çempionatda soňky tapgyrda öz meýdançasynda Empoliden utulmagyndan soň tejribeli hünärmen goşuny düwmeli boldy.Ilki Igor Tudora teklip beren De Laurentis horwatiýaly tälimçi bilen möhlet babatda ylalaşyk gazanyp bilmedi.

Tudor 2 ýyllyk şertnama islese, De Laurentis häzirlikçe möwsümiň ahyryna çenli ylalaşyk gazanmak isleýärdi.Ahyrynda edil Wilýarrealdaky ýaly Laurentis hem mundan 10 ýyl ozal kluba tälim beren Walter Mazzarini möwsümiň ahyryna çenli wezipä belledi. 62 ýaşyndaky italýan hünärmeni 2022-nji ýylyň maýyndan bäri hiç bir kluba tälim berenokdy.

Ol 20092013-nji ýyllar aralygynda Napolide işläp, kluba Italiýanyň Kubogyny gazandyrypdy.Napoli Serie A-da şu möwsümde tälimçisini çalşan 4-nji klub boldy.

Wezipesinden boşadylan tälimçi habarynyň ýene biri-de Bundesligadan gelip gowuşdy. Çempionatda yzly-yzyna 9 ýeňlişden soň, iň aşaky orna düşen Union Berlin toparynyň hem ýolbaşçylarynyň sabyr käsesi dolan ýaly. 5 ýyl öň wezipä bellenen we kluby Bundesliga çykaran, geçen möwsümde-de çempionatda 4-nji orny eýeläp, taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasyna gatnaşdyran Urs Fişer wezipesinden boşadyldy.

Klub awgust aýynda 2-si çempionatda, beýlekisi-de kubok ýaryşynda, jemi 3 oýunda gazanan ýeňşinden soň 14 duşuşykda ýeňşi ýatdan çykardy. 14 oýnuň 13-sinde utulan (Çempionlar Ligasynda diňe 1 deňlik) klubuň ýolbaşçylary tälimçisini ugradyp, täzeçe başlamagy makul gördi. Ýogsam Urs Fişeriň klubdaky ornunyň uludygy hemmä mälimdir.

Klubuň täze tälimçisiniň kim boljakdygy häzirlikçe belli däl.

Italiýanyň 2-nji ligasy Serie B-de 6-njy orunda barýan Komo topary klubuň U-17 toparyna tälim berýän ozalky meşhur futbolçy Sesk Fabregasy tälimçi edip belledi. Ýagny Komo klubunyň täze tälimçisi Moreno Longonyň ornuna ispaniýaly ýaş hünärmen Fabregas boldy.

Ýene degişli makalalar

Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
“Garynja adam we ary” (Ant-Man and the Wasp)