Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da “Napoli” toparyna 33 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny gazandyran tälimçi Luçano Spalletti wezipesini taşlapdy. Ol dynç almak isleýändigini aýdyp, wagtlaýynça tälimçiligi bes etjekdigini habar beripdi.

Topar Spallettiniň ornuna täze tälimçisini tapdy. Klubuň prezidenti Aurelio de Laurentis täze tälimçileriniň Rudi Garsiýa boljakdygyny habar berdi. Ol twitter hasabynda: “Napoliniň” täze tälimçisiniň Rudi Garsiýa bolýandygyny habar bermek meni begendirýär. Oňa hoş geldiň diýýärin. Uly üstünlik diýen setirler bilen täze tälimçisini mälim etdi.

59 ýaşyndaky Rudi Garsiýanyň näçe ýyllyk şertnama baglaşjakdygy barada bolsa maglumat berilmedi.Ol klubuň taryhyndaky ilkinji fransiýaly tälimçi bolar.Soňky gezek Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän arap kluby “Al-Nassr” toparyna tälim beren Rudi Garsiýa 2013-2016-njy ýyllar aralygynda Italiýanyň “Roma” klubuna-da tälim beripdi. 2011-nji ýylda “Lill” toparyna Fransiýada hem çempionlyk, hem-de ýurduň kubogyny gazandyran Garsiýa “Sent-Etien”, “Dižon”, “Le Man”, “Marsel”, “Lion” ýaly fransuz klublarynyň hem tälimçisi bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Rudi Garsiýa Napoliniň baş tälimçisi boldy
“Ýewropadaky missiýam tamamlandy”
Ronaldo arap klubundaky ilkinji duşuşygyny Messiniň garşysyna geçirer
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy