Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Al-Nasr baş tälimçi Rudi Garsiýanyň şertnamasynyň ýatyrylandygyny habar berdi.

Klub tarapyndan berlen beýanatda: Baş tälimçimiz Rudi Garsiýa bilen ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda şertnamamyzyň ýatyrylandygyny habar berýäris. Toparymyzyň soňky 8 aýda gazanan üstünlikleri üçin oňa hoşallyk bildirýäris diýilýär.

Marca neşiriniň ýazmagyna görä, Al-Feýha bilen 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykdan soňra toparyň lideri bilen baş tälimçiniň arasynda düşünişmezlik ýüze çykypdyr.

Möwsümiň tamamlanmagyna alty tapgyr galanda, Al-Nasr Saud Arabystanynyň çempionatynda ikinji orny eýeleýär. Topar Al-Ittihaddan 3 utuk yzda.

Al-Nasr indiki tapgyrda Al-Hilal bilen Er-Riýad derbisini geçirer.

Ýene degişli makalalar

Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
“Ýewropadaky missiýam tamamlandy”
Rudi Garsiýa Napoliniň baş tälimçisi boldy
Ronaldo arap klubundaky ilkinji duşuşygyny Messiniň garşysyna geçirer
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar