Rudi Garsiýa Napoliniň baş tälimçisi boldy

Rudi Garsiýa Napoliniň baş tälimçisi boldy

Fransiýaly hünärmen Rudi Garsiýa Napoli futbol toparynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada italiýan klubynyň metbugat gullugy habar berýär.

Şertnamanyň aýratynlyklary, häzirlikçe, mälim edilmeýär. Garsiýa neapollylaryň ozalky baş tälimçisi Luçano Spallettiniň ornuna geldi. Spalletti topara 33 ýyldan soň çempionlyk gazandyrypdy.

Maý aýynda Napoliniň prezidenti Aurelio De Laurebtis Spallettiniň bir ýyl dynç almak isleýändigini habar beripdi.

Garsiýa ozal Fransiýanyň Sent-Etýen, Dižon, Lill, Marsel we Lion toparlarynda işledi. 2013 ― 2016-njy ýyllar aralygynda bolsa Italiýanyň Roma toparyna tälim berdi. 59 ýaşly hünärmeniň soňky iş ýeri düzüminde superstar Kriştianu Ronaldu hem bolan Al-Nassr (Saud Arabystany) kluby bolupdy.

Garsiýa karýerasynda Lill bilen Fransiýanyň çempiony boldy, Marsel bilen bolsa Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy.

Ýene degişli makalalar

Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy
“Ýewropadaky missiýam tamamlandy”
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Ronaldo arap klubundaky ilkinji duşuşygyny Messiniň garşysyna geçirer