Ronaldo arap klubundaky ilkinji duşuşygyny Messiniň garşysyna geçirer

Saud Arabystanynyň “Al Nassr” toparynyň düzümine goşulan portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo täze klubunda ilkinji duşuşygyny 19-njy ýanwarda oýnar. Şol gün “Al Nassr” topary bilen onuň esasy bäsdeşi “Al Hilal” toparyndan düzülen garyşyk topar Fransiýanyň PSŽ topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Başgaça aýdylanda, Ronaldo täze klubundaky ilkinji duşuşygyny özüniň ähli babatdaky bäsdeşi ozalam telim gezek gabatlaşan Lionel Messiniň garşysyna geçirer.

“Al Nassr” toparynyň tälimçisi Rudi Garsiýa bu barada: “Kristiano Ronaldo “Al Nassr” bilen “Al Hilalyň” bilelikde PSŽ bilen geçirjek duşuşygynda meýdança çykar” diýip, beýanat berdi.

“Al Nassr” toparyna geçeninden bäri çempionatdaky daşary ýurtly futbolçylaryň çäklendirilmek düzügüni sebäpli Ronaldo entek kluby bilen meýdança çykyp görmedi.

Ýene degişli makalalar

Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
“Ýewropadaky missiýam tamamlandy”
Rudi Garsiýa Napoliniň baş tälimçisi boldy
Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar