Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary

“La Liganyň” wekili “Selta” topary Karlos Karwalhalyň ornuna meşhur hünärmen Rafael Benites tälimçilige bellendi. 63 ýaşyndaky ispaniýaly tälimçi wigolylar iýul aýynda şertnama baglaşar.Tälimçilik karýerasy boýunça “Walensiýa”, “Liwerpul”, “Inter”, “Çelsi”, “Napoli”, “Real Madrid”, “Nýukasl” hem-de “Ewerton” ýaly yklymyň öňdebaryjy klublaryna tälim beren tejribeli hünärmen “Liwerpul” bilen Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy.

Belli bir döwürde Hytaýyň “Dalian Professional” toparynyň hem tälimçisi bolan Benites “Walensiýadyr” “Çelsi” bilen UEFA Ýewropa Ligasynyň kubogyny hem asmana göterdi. “Walensiýa” bilen “La Ligada” 2 gezek çempionlyk gazanan Benites jemi 13 kubogy eýeledi. “Selta Wigo” topary geçen möwsümde çempionaty 43 utuk bilen 13-nji orunda tamamlapdy.

* * *

Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de möwsümi 3-nji orunda tamamlan “Marsel” toparynyň tälimçisi Igor Tudor wezipesini öz islegi boýunça taşlapdy.Fransuz kluby horwatiýaly tälimçiniň ornuna ispaniýaly Marselinonyň wezipä bellenendigini mälim etdi. 57 ýaşyndaky hünärmen öňümizdäki günlerde “Marsel” topary bilen şertnama baglaşar.

Soňky sapar “Atletik Bilbao” toparyna tälim beren tejribeli tälimçi “Sporting Gihon”, “Rekreatiwo Huelwa”, “Rasing Santander”, “Real Saragosa”, “Sewilýa”, “Wilýarreal” hem-de “Walensiýa” toparlarynda işläpdi.Doly ady Marselino Garsiýa Toral bolan tälimçi 2019-njy ýylda Walensiýa bilen Ispaniýanyň Şa Kubogyny, 2021-nji ýylda-da “Atletik Bilbao” bilen Ispaniýanyň Super Kubogyny gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
“La Ligada” çempion Madridden, “Barselonanyň” çempionlyk mümkinçiligi galmady
Türkmenistan: Sport bu hepde 12 futbol duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Super Kubogy “Atletik” eýeledi, Messi gyzyl kart aldy