Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň öňdebaryjylary ýylyň iň soňky duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başardy. 1-nji basgançakda barýan “Barselona” myhmançylykda “Wilýarrealy” Rafinýa (12 p) hem-de Ýamalyň (63) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Wilýarreal” toparyndan Renato Weýga 39-njy minutda gyzyl kart aldy.
“Real Madrid” hem şol hasap bilen öz meýdançasynda “Sewilýany” ýeňdi.Oýunda madridlileriň gollaryny Bellingam (38) bilen Mbappe (86 p) geçirdi.Bu gol Mbappeniň 2025-nji ýyldaky “Realyň” köýnekçesi bilen 59-njy goly bolup, ol Kristiano Ronaldonyň rekordyny gaýtalady.
Fransiýaly oýunçy umumylykda 2025-nji ýyly 65 gol bilen tamamlar.Duşuşykda “Sewilýa” soňky 22 minuty 1 oýunçy kem oýnady.
Madridiň beýleki kluby “Atletiko” myhmançylykda “Žironany” Koke, Gallaher hem-de Grizmannyň gollary bilen 3-0 hasabynda utdy.
Walensiýa Malýorka: 1-1 (Duro 52 Samu Koşta 23),
Owieda Selta: 0-0,
Lewante Real Sosiedad: 1-1 (De la Fuente 90+4 p Kubo 45+1),
Osasuna Alawes: 3-0 (Budimir 72, 82 p, Raul Garsiýa 90+3),
Real Madrid Sewilýa: 2-0 (Bellingam 38, Mbappe 86 p),
Žirona Atletiko: 0-3 (Koke 13, Gallaher 38, Grizmann 90+2),
Wilýarreal Barselona: 0-2 (Rafinýa 12 p, Ýamal 63),
Elçe Raýo Wallekano: 4-0 (Fort 6, Rodriges 67, Walera 70, Neto 90+1),
Betis Hetafe: 4-0 (Ruibal 16, 49, Fornals 52, Kuço Hernandes 60),
Atletik Espanýol (şu gije)
