“Barselona” 11 oýundan soň utuldy

“Barselona” 11 oýundan soň utuldy

Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” myhmançylykda “Real Sosiedaddan” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Çempionatda 11 oýundan soň utulan katalonlaryň derwezesinde ýeňiş gollaryny Oýarzabal (32) bilen Gedeş (71) geçirdi. “Barselonadan” Reşfordyň goly ýeňşe ýetmedi.

“Lewanteni” Mbappe (58 p) hem-de Asensionyň (65) gollary esasynda ýeňen “Real Madrid” lider “Barselona” bilen aratapawudy 1 utuga düşürdi.

“Atletiko” öz meýdançasynda “Alawesden” Sörlotyň 48-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda üstün çykdy.

Kem-kemden özüni dürseýän “Žirona” topary myhmançylykda ukrainaly hüjümçisi Wanatyň her ýarymyň goşmaça minutlarynda 11 metrlik jerime urgularyndan geçiren gollary bilen “Espanýoly” 2-0 hasabynda utdy.

“Betis” 4-nji ýerde barýan “Wilýarrealy” Ruibal (57) hem-de Fornalsyň (83) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňdi.

“Malýorka” bilen “Atletik” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 3-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, olaryň gollarynyň 3-sini hem Wedad Muriki öz adyna ýazdyrdy.

“La Ligada” 20-nji tapgyryň netijeleri:

Espanýol Žirona: 0-2 (Wanat 45+3 p, 90+3 p),

Real Madrid Lewante: 2-0 (Mbappe 58 p, Asensio 65),

Malýorka Atletik: 3-2 (Muriki 5, 42, 69 p Unaý Gomes 8, Niko Williams 45),

Osasuna Owiedo: 3-2 (Budimir 45, 75, Munios 90+2 Winiýas 40, Reýna 68),

Betis Wilýarreal: 2-0 (Ruibal 57, Fornals 83),

Hetafe Walensiýa: 0-1 (Gaýýa 84),

Atletiko Alawes: 1-0 (Sörlot 48),

Selta Raýo Wallekano: 3-0 (Karreýra 40, Saragosa 54 p, Rueda 79),

Real Sosiedad Barselona: 2-1 (Oýarzabal 32, Gedeş 71 Reşford 70),

Elçe Sewilýa (şu gije)

Ýene degişli makalalar

“Barselona” soňky minutlarda, “Real” aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy
“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady
“Barselona” ýeňiş gazanmak kyn, “Real Madride” bolsa ýeňil düşmedi
Mbappe Ronaldonyň rekordyny gaýtalady
“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary
Bu ýyl “Real Madrid” çempion bolmaz